Sepleriň elýeterliligi

“Gazprom” tölegi tassyklady


Russiýa Ukrainadan gaz üçin tölegi öňünden geçirmegi talap edýär.

Russiýa Ukrainadan gaz üçin tölegi öňünden geçirmegi talap edýär.

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy Ukrainanyň döwlet energiýa firmasy “Naftogazdan” dekabrda akdyryljak gaz üçin $378 million tölegi alandygyny mälim etdi.

Munuň netijesinde, iýun aýyndan bäri ilkinji rus gazyny akdyrmaga mümkinçilik döreýär. Ýatlap geçsek, Moskwa baha dawalary we Kiýewiň bergileri üçin Ukraina akdyrýan gazyny kesipdi.

Russiýa Ukrainadan gaz üçin tölegi öňünden geçirmegi talap edýär.

Oktýabr aýynda “Naftogaz” bilen “Gazpromyň” arasynda baglaşylan ylalaşyga görä, gaz töleg edilenden soň 48 sagadyň içinde akdyrylyp başlanmaly.

“Naftogaz” anyk näçe gazy satyn alýandygyny mälim etmedi. Emma, Ukrainanyň Energiýa ministrligi bir milliard kub metr gazy satyn almagynyň mümkindigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG