Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: “Al-Kaýda” lideri öldürildi


Şurkijuma şenbe güni ir bilen Günorta Waziristan sebitiniň Şinwarsak diýen ýerinde öldürilipdir.

Şurkijuma şenbe güni ir bilen Günorta Waziristan sebitiniň Şinwarsak diýen ýerinde öldürilipdir.

Pakistanyň harbylary ýurduň demirgazyk tire-taýpalar sebitlerinde “Al-Kaýda” toparynyň ýokary derejeli lideriniň öldürendigini aýdýarlar.

6-njy dekabrda ýaýradylan beýanatda öldürilen adam Adnan El Şukrijuma diýlip tanadyldy. Maglumata görä, Şukrijuma şenbe güni ir bilen Günorta Waziristan sebitiniň Şinwarsak diýen ýerinde öldürilipdir.

Ýörite operasiýanyň netijesinde başga-da iki söweşiji, şeýle-de bir esger öldürildi.

Şukrijuma ABŞ-nyň metro stansiýalarynyň birinde planlaşdyrylan bomba hüjümine dahylly bolmakda aýyplanýardy.

Şukrijumanyň “Al-Kaýda” toparynyň dünýädäki operasiýalaryna ýolbaşçylyk edendigi çaklanylýardy. Bu wezipäni ozal Halid Şeýh Mohammed eýeleýärdi.

XS
SM
MD
LG