Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ozalky howpsuzlyk başlygy tutuldy


Žou Ýongkang
Žou Ýongkang

Hytaýda içerki howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy tutuldy. Bu prezident Si Jingpingiň korrupsiýa garşy alyp barýan göreşiniň dowamynda tussag edilen ilkinji ýokary derejeli resmi boldy.

Žou Ýongkanga para almak we döwlet syrlaryny syzdyrmak ýaly aýyplamalar bildirilýär. Iýul aýynda ýurduň Kommunstik partiýasy Žouň derňelýändigini mälim edipdi.

Döwletiň eýeçiligindäki “Sinhua” habar gullugynyň maglumatyna görä, politbýuro Žouň işini adalat resmileriniň garamagyna geçiripdir. Maglumatda Žouň “öz ygtyýarlyklaryny jynsy gatnaşyklar we pul” üçin peýdalanandygy hem aýdylýar.

Hytaýda partiýa agzalaryna maşgalanyň daşyndaky gatnaşyklar gadagan edilýär.

XS
SM
MD
LG