Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri žurnalistiň sud edilmegine “gynandy”


“Washington Post” neşriniň žurnalisti Jason Rezaian aýaly Ýeganeh Salehi bilen, Tähran, 10-njy sentýabr, 2013.
“Washington Post” neşriniň žurnalisti Jason Rezaian aýaly Ýeganeh Salehi bilen, Tähran, 10-njy sentýabr, 2013.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranda “Washington Post” gazetiniň habarçysynyň dört aýlap tussag edilmegi baradaky habarlaryň özüni “örän gynandyrandygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň gazetiniň 6-njy dekabrda habar bermegine görä, Jason Rezaian 6-njy dekabrda öz işine sudda seredilende 10 sagada golaý wagtlap Tähranyň sudunda bolupdyr.

“Washington Post” neşriniň bu meselä golaý çeşmesine salgylanmak bilen habar bermegine görä, Rezaianyň suda çekilendigine özüniň düşünýändigi barada dokumente gol çekipdir.

Muňa garamazdan, bu işiň mazmuny suda gatnaşmadyklara derhal mälim edilmedi.

Aklawçy hem berilmedi

Jon Kerri 7-nji dekabrda çap eden beýannamasynda žurnalist Rezaianyň işine çemeleşilişiniň, şol sanda oňa aklawçy bermekden ýüz öwrülmeginiň özünde “agyr täsir galdyrandygyny” mälim etdi.

Kerri bu ýagdaýyň Eýranyň we halkara kanunlaryny bozýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol Rezaiana garşy işiň tizden-tiz ýatyrylmagyny, žurnalistiň bolsa boşadylmagyny talap etdi.

Beýannamada “Washington Post” neşriniň ýerine ýetiriji redaktory Martin Baron žurnalistiň erbet meşhurlyga eýe bolan Ewin türmesinde tussaglykda saklanmagyna nägilelik bildirdi.

"Eýranyň hökümeti Jasonyň tussag edilmeginiň sebäpleri ýa-da onuň näme üçin aklawçy berilmezden dört aýlap tussag edilmegi barada hiç hili düşündiriş bermedi” diýip Baron aýtdy.

Ol Rezaianyň “doly akkreditasiýa edilen žurnalist” hökmünde işländigini habar berdi.

38 ýaşly Rezaian 2012-nji ýyldan bäri “Washington Post” gazetiniň Tährandaky edarasynyň ýolbaşçysy.

Aladalar

7-nji dekabrda çap eden beýannamasynda Kerri Rezaianyň maşgalasynyň žurnalistiň fiziki we ruhy taýdan basyş astyndadygy hem oňa zerur medisina kömeginiň berilmeýändigi barada bildiren aladalanmalaryna ABŞ-nyň hem goşulýandygyny aýtdy.

3-nji dekabrda “Human Rights Watch” guramasy Eýranyň sudýalarynyň Rezaianyň suddan öňki tussaglygyny ýanwar aýynyň ortalaryna çenli uzaldandygyny habar beripdi.

Goşa raýatlyga eýe bolan asly eýranly amerikaly Rezaian öz aýaly Ýeganeh Salehi bilen 22-nji iýulda tussag edilipdi. Žurnalist Salehi yzany girew astynda tussaglykdan boşadylypdy.

Eýranyň häkimiýetleri Günbataryň media guramalary bilen işleşýän žurnalistleri yzygiderli tussag edýärler we yzarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG