Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Holland Putin bilen duşuşdy


Fransiýanyň prezidenti F.Holland (ç) Orsýetiň prezidenti W.Putin (s), Moskwa, 6-njy dekabr, 2014

Fransiýanyň prezidenti F.Holland (ç) Orsýetiň prezidenti W.Putin (s), Moskwa, 6-njy dekabr, 2014

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland 6-njy dekabrda Orsýete sapar edip, prezident Wladimir Putin bilen gysga duşuşyk geçirdi.

Iki prezidentiň bu gepleşikleriniň detallary barada anyk maglumat berilmedi, emma Putin bilen Moskwanyň Wnukowo aeroportunyň diplomatik terminalynda duşuşyp, Holland: “Jenap prezident, Ukrainadaky krizise degişli problemalary maslahat etmeli diýen karara geldim” diýdi.

Duşuşygyň yzýany Putin Orsýetiň Ukrainanyň territorial bütewüligine hormat goýýandygyny we Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý ediljegine hem goşmaça ýesir çalyşyljagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Iki lideriň bu gepleşiginde Fransiýanyň harby dikuçarlary göteriji iki ulagynyň söwdasyny togtatmagy barada maslahat edilmegine garaşylypdy, emma duşuşygyň yzýany Putin, eger Fransiýa söwdany ýatyrmak islese, Orsýetiň öz pulunyň yzyna gaýdyp berilmegini isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG