Sepleriň elýeterliligi

Bagdad: Polisiýa hüjüm edildi


Bagdad.

Bagdad.

Yragyň paýtagty Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän polisiýa bölümine edilen hüjüm zerarly azyndan ýedi adam wepat boldy.

7-nji dekabrda irden Al-Salman obasynda bolan bu hüjüm janyndan geçen hüjümçiniň içi partlaýjy serişdeli awtoulagyny polisiýanyň daşyny goraýan diwara sürmeginden başlandy.

Partlamanyň yzýany ýaragly hüjümçiler polisiýa çözdular. Polisiýanyň resmileri azyndan bäş polisiýa wekiliniň we waka şaýat bolan azyndan üç adamyň wepat bolandygyny habar berdiler. Azyndan 11 adam ýaralanypdyr.

Hüjümiň bolan ýeri Bagdatdan 50 kilometr demirgazyk tarapda ýerleşýär.

Bu waka Bagdadyň golaýynda şaýylara garşy amala aşyrylan ençeme bomba partlamalarynyň yzýany boldy. Zyýaratçylar Arbaeen dini baýramçylyk mynasybetli mukaddes Karbala şäherine syýahata taýýarlanýarka bolan bu hüjüm zerarly azyndan 10 adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG