Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Azyndan dört söweşiji öldürildi


Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky durnuksyz tire-taýpalar regionynda ABŞ-nyň pilotsyz uçarlary söweşiji bolmakda güman edilýän dört adamy öldürdi.

Pakistanyň harby resmisiniň 7-nji dekabrda aýtmagyna görä, howa zarbalary Demirgazyk Waziristan regionynyň Datta Khel etrabynyň Khar Tangi diýen ýerinde adamlaryň üýşen jaýyna edildi. Şeýle-de onuň netijesinde iki adam ýaralanypdyr.

Pakistanyň dört sany harby resmisi ölenleriň arasynda “Al-Kaýdanyň” baş agzalarynyň biriniň bolandygyny Reuters agentligine aýtdylar.

Olar Ustad Farook ady bilen tanalýan pakistanly Omar Farokyň “Al Kaýdanyň” ýerli media bölüminiň ýolbaşçysy bolup, Owganystanda we Pakistanda hereket edendigini habar berdiler.

Bu hüjüm Pakistanyň güýçleriniň “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli liderlerinden Adnan el-Şukrijumahy öldürmeginiň yzýany boldy. Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristanda iýun aýynda harby çärelerine başlap, 1 560 söweşijini öldürendigini, öz ýitgileriniň bolsa 125 esgerden ybaratdygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG