Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Filippinler: Tupanda 21 adam öldi


Filippinlerde “Hagupit” tupany ýurduň gündogaryndaky kenarýaka şäherlere zarba urup, azyndan 21 adamyň ölmegine sebäp bolandan soň, tupanyň derejesi paýtagt Manila tarap hereket edende gowşady.

Filippinleriň Gyzyl haç guramasynyň berýän maglumatyna görä, tupanda pida bolanlaryň 18 sanysy ýurduň gündogaryndaky Samar adasynda heläk bolupdyr.

“Hagupit” tupany sebäpli ýurduň gündogar we merkezi welaýatlarynda 1 milliondan gowrak adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Paýtagt Manilada mekdepler we hökümet edaralary ýapyldy.

2013-nji ýylyň noýabr aýynda Filippinleriň merkezi böleginde bolan “Haiýan” tupany 7300-den gowrak adamyň heläk ýa-da ýitirim bolmagyna we dört milliondan gowrak adamyň öýlerini terk etmegine sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG