Sepleriň elýeterliligi

Belarus žurnalisti tussag edildi diýilýär


Belarus žurnalisti we harby ekspert Alýaksandr Lesin.

Belarus žurnalisti we harby ekspert Alýaksandr Lesin.

Birnäçe günden bäri ýitirim bolan belarus žurnalisti we harby ekspertiň kärdeşleri žurnalistiň Minskdäki deslapky tussaghanada saklanýandygyny aýtdylar.

8-nji dekabrda “Belaruslar we bazar” atly hepdelik neşiriň žurnalistleri öz kärdeşleri Alýaksandr Lesiniň 25-nji noýabrda tussag edilendigi barada maglumat çap etdiler.

Geçen hepde belarus metbugat serişdeleriniň käbirleri Lesiniň içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilendigini mälim edipdiler.

5-nji dekabrda Belarusyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň metbugat sözçüsi Artur Streh Azatlyk Radiosyna bu barada maglumat bermkeden saklanypdy.

XS
SM
MD
LG