Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew Katara sapar edýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Ýakyn Gündogara edýän bir hepdelik saparyny Kataryň paýtagty Doha edýän sapary bilen tamamlaýar.

Gyrgyz prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, Atambaýew Kataryň paýtagty Dohada gyrgyz ilçihanasyny açmak barada 8-nji dekabrda şertnama gol goýupdyr.

Şertnamada gyrgyz ilçihanasyny açmak baradaky işleriň bir aýyň içinde tamamlanjakdygy bellenilýär.

Atambaýew geçen hepde Birleşen Arap Emirliklerine eden saparynyň çäginde Abu Dabi şäherinde hem gyrgyz ilçihanasyny açmak barada şuňa meňzeş şertnama gol goýupdy.

Atambaýew öz saparynyň çäginde Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katara bardy. Bu ýurtlarda müňlerçe gyrgyz işçileri zähmet çekýär.

XS
SM
MD
LG