Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Mogerini Türkiýä bardy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini (çepde) we Ýewropa Bileleşiginiň giňlemek boýunça araçysy Johannes Hahn.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini (çepde) we Ýewropa Bileleşiginiň giňlemek boýunça araçysy Johannes Hahn.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini Türkiýä sapar edýär. Mogerini bu saparynyň çäginde Türkiýä “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşde has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini we Bileleşiginiň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny Ankaranyň gowşatmazlygyny gazanmak üçin özara gepleşikleri geçirýär.

8-9-njy dekabr aralygyny öz içine alýan saparyň dowamynda Mogerini we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli beýleki resmileri daşary ýurt söweşijileriň Türkiýäniň serhedinden Siriýa geçişini togtatmagy üçin Ankara çagyryş edýärler.

Mogerini bu saparyň “Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik taýdan ähmiýetliligini güýçli delillendirýändigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

2005-nji ýyldan bäri Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalylygy dogrusyndaky gepleşikler dowam edýär. Ankara Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryna goşulmady. Ýewropa Bileleşigi bolsa, Türkiýäniň hem bu sanksiýalara goşulmagy ýa-da azyndan sanksiýanyň täsiri astyndaky harytlary Russiýa eksport etmek arkaly dörän bu pursatdan peýdalanmazlygy üçin Ankara çagyryş edýär.

XS
SM
MD
LG