Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz guramalary prezidente çagyryş etdi


Gyrgyzystanda döwlete degişli däl guramalaryň 43 sanysynyň liderleri gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewe döwlete degişli däl guramalara basyş etmezlige çagyryş etdiler.

8-nji dekabrda Atambaýewe ugradylan hatda oňa “özünden öňki prezidentiň ýalňyşlaryny gaýtalamazlyga çagyryş edildi”.

Gyrgyz döwlete degişli däl guramalaryň liderleri öz hatynda Atambaýewiň 1-nji dekabrda telewideniýede eden çykyşynda ýurtdaky döwlete degişli däl guramalaryň käbirleriniň milli howpsuzlyga “howp abandyryp” biljekdigi barada aýdan sözlerine salgylandylar.

Olar öz hatynda “döwlete degişli däl guramalaryň Gyrgyzystanyň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny aýdan ozalky iki prezidentleriň özleri milli howpsuzlyga howp saldylar we netijede ýurtdan kowlup çykaryldylar” diýdiler.

Gyrgyzystanda 2005-nji we 2010-njy ýyllarda geçirilen rewolýusiýalaryň netijesinde prezidentler Askar Akaýew we Kurmanbek Bakiýew häkimiýetden çetleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG