Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ABŞ-ny aýyplady


Russiýanyň ýokary derejeli diplomaty Moskwa, onuň öňe sürmegine görä, Birleşen Ştatlaryň rus prezidenti Wladimir Putini häkimiýetden agdarmaga gönükdiren sanksiýalaryna boýun bolmaz diýdi.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 8-nji dekabrda rus parlamentinde amerikan-rus gatnaşyklary barada eden çykyşynda Moskwa “möhüm meseleler babatynda Birleşen Ştatlara eglişik etmäge taýýar däl”, emma “deňagramly bähbitleri” araýar diýdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistlere goldaw bermegine gaýtawul hökmünde Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary girizipdiler.

Rýabkow Döwlet Dumasyna ýüzlenip eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň girizen sanksiýalarynyň maksady “Russiýada häkimiýet çalşygyny amala aşyrmak üçin sosial we ykdysady şertleri döretmäge” gönükdirilendir diýdi.

XS
SM
MD
LG