Sepleriň elýeterliligi

"Transhazar özara ylalaşyk esasynda gurulmaly"


Transhazar barada indi 20 ýyldan bäri gürrüň edilip gelinýär.

Transhazar barada indi 20 ýyldan bäri gürrüň edilip gelinýär.

Hazaryň we Türkmenistanyň gazyny Ýewropa akdyrmak barada indi 20 ýyldan bäri tagalla edilip gelinýär, emma bu proýekt dürli sebäplere görä, şol sanda Hazarda guruljak islendik proýektiň ähli hazarýaka ýurtlarynyň razylygy esasynda gurulmalydygyny tekrarlaýan Orsýetiň pozisiýasy sebäpli başa barman gelýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Azerbaýjan bilen Türkmenistan, Hazaryň kanuny statusynyň kesgitlenmändigine garamazdan, Transhazar proýektiniň bu iki ýurduň özara ylalaşygy bilen gurlup bilinjekdigini öňe sürýärler. Eýsem, Hazaryň durumy we türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada edilýän tagallalar edil häzirki günde haýsy menzile ýetdi?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýaňy-ýakynda wezipä başlan Energiýa komissary Maroş Şefçowiçe ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: “Günorta koridor” proýekti hakda gürrüňler barýar, şeýle-de Transhazar proýekti barada ençeme wagtdan bäri gürüň edilip gelinýär, siz Hazaryň gazynyň Ýewropa akdyrlyp başlanmagy baradaky mümkinçilik hakda näme diýip biljek?

Maroş Şefçowiç: Men “Günorta koridor” proýektine gatnaşýan ähli ýurtlara sapar edip, şol ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen pikir alyşdym. Azerbaýjanyň prezidenti Alyýew, şeýle-de Türkiýäniň energiýä ministri bilen giňişleýin gürüň etdim.

Maroş Şefçowiç

Maroş Şefçowiç

Olaryň nukdaýnazaryna görä, Hazaryň gazyny Azerbaýjana, Türkiýä we Ýewropa akdyrjak proýektiň öz wagtynda guruljagyna hiç hili şubhe ýok. olar bu möhleti 2018-nji we 2019-njy ýyllar diýip kesgitleýärler.

Olar bu proýektiň şowly bolmagyny, onuň wagtynda gurulmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Diňe bu proýekt däl, ony Ýewropa birikdirjek gazgeçirijiniň hem wagtynda gurulmagy örän möhüm. Bu proýektiň Ýewropa degişli bölegi barada aýdylanda, men olar bilen hyzmatdaşlyk etjegimi aýtdym.

Sebäbi bu proýekt bilen bagly Gresiýadyr Italiýany hem öz içine alýan çözülmeli käbir meseleler bar. Meniň pikirimçe, bu boljak zat, meniň 2020-nji ýyla çenli Hazaryň gazynyň Ýewropa akyp başlajakdygyna umydym bar.

Azatlyk Radiosy: Hazary öz içine alýan islendik proýekt barada Orsýetiň hem öz pozisiýasy bar, ýagny Transhazar ýaly proýektleriň gurulmagy üçin Orsýet hazarýaka ýurtlaryň hemmesiniň razylygynyň bolmagyny talap edýär. Eger agzalýan proýekt guruljak bolsa, Orsýetiň oňa görkezjek reaksiýasy hakda siz näme diýip biljek?

Maroş Şefçowiç: Men başda azeri gazynyň Ýewropa akdyrylmagy barada gürrüň etdim. Elbetde Hazaryň üsti bilen Türkmenistanyň gaz baýlyklaryna baglanmak hem möhüm, sebäbi Türkmenistan ummasyz gaz baýlygyna eýe.

Elbetde, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, heniz doly çözülmedik meseleler, şol sanda Hazaryň kanuny statusy baradaky problemalar dowam edýär. Bu ugurda hem dürli kanuny garaýyşlar bar. Meselem, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň garaýyşlary Eýran bilen Orsýetiňkiden tapawutly gelýär.

Şol sebäpdenem bu iş Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň degişli ýurtlar bilen meseläni nähili çözjekdigine bagly bolup durýar. Ýewropa Bileleşigi bu barada elinden gelenini etmäge taýyn, biz halkara kanunlaryň çäginde Hazaryň kanuny statusy baradaky ýagdaýa ýakyndan syn edýäris.

Elbetde, Transhazar ýaly uly proýektiň görnetin gapma-garşylykly esaslarda däl-de, eýse degişli taraplaryň pikirdeşligi esasynda gurulmagy zerur.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG