Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magherini Türkiýä sapar edýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini (Federica Mogherini) Türkiýä sapar edip, Ankaranyň Siriýada “Yslam döwleti” atly topara garşy göreşde has içgin hyzmatdaşlygyny we Bileleşigiň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny Ankaranyň puja çykarmazlygyny gazanmak üçin özara gepleşikleri geçirýär.

8-9-njy dekabr aralygynda edýän saparynda Mogherini we ÝB-niň beýleki ýokary derejeli resmileri Türkiýäniň serhetlerinden söweşijileriň geçmeginiň öňüni almak meselesinde maslahat ederler.

Bileleşigiň delegasiýasy Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we premýer-ministri Ahmet Dawutoglu bilen duşuşyk geçirip, şeýle-de bosgunlaryň lagerine baryp görerler.

Saparyň dowamynda Türkiýäniň araçäginde ýerleşýän Siriýadan gelen bosgunlara ÝB-niň berýän kömeginiň artdyrylmagy barada-da habarlara garaşylýar.

Türkiýä uçmazyndan ozal Mogherini “Bu sapar ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki möhümliliginiň, şeýle-de özara gatnaşyklaryň artydyrylmagy ugrundaky islegiň çynlakaý alamatdyr” diýdi.

Türkiýäniň ÝB-e goşulmagy ugrundaky gepleşikler 2005-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Emmä käbir syýasy, şol sanda Kipriň bölünmegi ýaly bökdençlikler bu ugurdaky prosesi haýýaladyp gelýär.

“Yslam döwleti” atly topara goşulýan ýewropalylaryň aglabasy Türkiýäniň üsti bilen Siriýa aşýarlar. “Reuters” habar gullugynyň ÝB-niň käbir resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Bileleşik daşary ýurtly söweşijileriň şahsyýetini anyklaşdyrmak ugrunda Türkiýeden hemaýat soramakçy.

Emma Türkiýe söweşijileriň hataryna goşulmak isleýänleriň ýurtdan çykmazlygy üçin ýewropa döwletleriniň özleriniň has köp tagalla etmelidigini aýdýar.

Şeýle-de Tükriýe, ýurda gelen müňlerçe siriýaly bosgunlary saklap, bosgunlar meselesinde uly iş edýändigini hem nygtaýar.

Türkiýe Ukraina bilen baglylykda Russiýa garşy girizilen sanksiýalara goşulanok. ÝB-niň resmileri Ankaranyň bu ugurdaky tagallalara goşulmagy üçin alada etjekdiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG