Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Yraga bardy


Çak Hagel
Çak Hagel

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel (Chuck Hagel) öňünden yglan edilmedik sapary bilen Yraga bardy.

Bu ABŞ Yrakda öz harby missiýasyny tamamlandan soň, 2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Pentagonyň ýolbaşçysynyň Yraga edýän ilkinji saparydyr.

Hagel Yragyň hökümet resmileri we ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirer.

8-nji dekabrda Kuweýtde eden çykyşynda Hagel Yragyň demirgazygynda we Siriýada uly giňişlikleri basyp alan “Yslam döwletine” garşy ABŞ-nyň howadan amala aşyrýan hüjümleriniň Yragyň howpsuzlyk güýçleri üçin täze mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Hagel 24-nji noýabrda wezipesinden çekilen hem bolsa, öz ýerine täze ýolbaşçy tassyklanýança wezipe borçlaryny ýerine ýetirýär.

Prezident Barak Obama ABŞ-nyň goranmak sekretary wezipesine Aşton Karteri hödürledi.

XS
SM
MD
LG