Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: “Dymyşlyk gününe” syn edilýär


Ukrainanyň Donetsk regionynyň Pisky obasy, 8-nji dekabr, 2014
Ukrainanyň Donetsk regionynyň Pisky obasy, 8-nji dekabr, 2014

Ukrainanyň hökümet güýçleri we orsýetçi separatistler ýurduň gündogaryndaky söweşleri bes etmek maksatly yglan edilen “Dymyşlyk gününiň” berjaý edilişine syn edýändigini aýdýarlar.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekiliniň 9-njy dekabrda aýtmagyna görä, “hökümet güýçleri ähli söweş hereketlerini bes etdi we Dymyşlyk gününe taýýarlandy”. Metbugat wekili “eger separatistler hüjüm etseler biz jogap hökmünde ot açarys” diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 9-njy dekabrda ýaraşyk planyny yglan etdi we onuň ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda Minskde gelnen ylalaşygyň düzümine girýändigini aýtdy.

Poroşenko parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň täze tapgyrynyň 9-njy dekabrda geçirilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy, emma resmileriň ençemesi we separatistleriň liderleri gepleşikleriň hepdäniň soňunda, belki-de 12-nji dekabrda geçirilmeginiň mümkindigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG