Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina ýene-de gaz akdyrýar


Gaz turbalary, Ukrainanyň Lwiw regiony
Gaz turbalary, Ukrainanyň Lwiw regiony

Orsýetiň gazy alty aýlyk arakesmeden soň Ukraina akdyrylýar.

Ukrainanyň “Ukrtransgaz” gaz transport kompaniýasynyň ýolbaşçysy Maksim Belýawskiý Orsýetden öz ýurduna gazyň akdyrylmagynyň dikeldilendigini yglan etdi.

Belýawskiý aýyň soňuna çenli Ukraina günde 43.5 million kubometr gazyň akdyryljakdygyny aýtdy.

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki Gazprom kompaniýasy Ukrainanyň 1 milliard kubometr gaz üçin öňünden 378 million dollar möçberde töleg etmeginden soň gaz akdyrmak işiniň dikeldilendigini tassyklady.

Orsýet Ukraina gaz akdyrmagyny iýun aýynda bes edipdi bu ýagdaý Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çetleşdirilip, Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyndan soň dartgynlylygyň güýçlenen wagtynda ýüze çykypdy.

Ukraina gyşyň dowamynda gaz akdyrmak boýunça ylalaşyga 30-njy oktýabrda Orsýetiň, Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gelindi.

XS
SM
MD
LG