Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Waşington: Azeri žurnalistini goldap protest geçirildi


Azerbaýjanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki protest

Azerbaýjanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki protest

Azerbaýjanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde onlarça adam protest geçirip, hökümetiň AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň derňewçi žurnalisti Hadija Ismaýilowanyň boşadylmagyny talap etdi.

Demonstrantlar žurnalisti boşatmagy talap edýän hatlary getirip, 8-nji dekabrda ilçihana gowşurdylar.

Protest aksiýasy fotožurnalist Amanda Riwkin tarapyndan guraldy.

5-nji dekabrda Azerbaýjanyň häkimiýetleri Ismaýilowany iki aýlap tussaghanada saklamak kararyny yglan etdiler.

Bir adamyň Ismaýilowany özüni öz janyna kast etmäge ündemekde aýyplamagy žurnalist zenanyň suda çekilmegine sebäp boldy.

8-nji dekabrda ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ismaýilowanyň suda çekilmegine “çuňňur aladalanma” bildirdi.

XS
SM
MD
LG