Sepleriň elýeterliligi

Sosial ulgamda Ollandy "Borata" meňzetdiler


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (sagda) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (sagda) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland.

Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň fransuz prezidenti Fransua Ollandyň gazak milli lybasynda düşen suratlarynyň Internetde goýulmagyna gahary gelýär.

Günbatar, şeýle-de britan metbugatynyň ýazmagyna görä, Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň (François Hollande) onsuzam o diýen öwerlikli bolmadyk abraýyna ýene bir zarba uruldy. Bu gezek esasy mesele - prezidentiň Gazagystana sapary wagtynda, resmi "protokola" bap gelýän ýagdaýda, gazak milli eginbaşyny geýip düşen suratlarynyň, Fransiýa tarapyndan öňünden goýlan çäklendiriji şertlere garamazdan, internet äleminde ýaýradylmagydyr.

Nazarbaýewiň instagramy

“The Daily Telegraph” gazetiniň ýazmagyna görä, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň Instagram sosial ulgamyndaky sahypasyna goýlan ol suratlar azam däl, köpem däl. Ýöne suratlar duýduryşdan soň näçe çalt aýrylanam bolsa, aýdylyşy ýaly, iş-işden geçip ýetişdi.

Onuň yz ýanyndanam Fransiýanyň prezidentiniň suratlary Twitter sosial ulgamynda ýaýrap, ýaňsylamalary we tankytlary özüne çekdi. Bu sosial ulgamy ulanyjylaryň biri agzalýan suratlar bilen bagly şeýle ýazýar: "Ahyrynda prezident özüniň Fransiýa kommunistik respublikasynyň lideridigini boýnuna aldy".

Teswirleriň aglabasynda diýen ýaly Fransiýanyň prezidenti Ollandy Britaniýanyň aktýory, ýagny oýunçysy Saşa Baronyň (Sacha Baron) döreden meşhur gazak žurnalisti "Borat" obrazyna meňzedipdirler.

Suratlar prezidenti gaty başagaý edipdir

Metbugatyň ýazmagyna görä, Fransua Olland, Fransiýanyň meşhurlyk derejesi iň pes bolan sosialist lideridir we onuň suratlary mundan owalam ýaňsylamalara duçar bolupdy.

Ýene metbugatyň bellemegine görä, şeýle ýaňsyly suratlar onuň Fransiýanyň baş mertebeli zenany žurnalist Valérie Trierweiler bilen bolan gatnaşygyna hem zeper ýetiripdir.

Geçen aý başga bir şowhun biznesiniň žurnaly jenap Ollandyň aktrisa Julie Gayet bilen Ýeliseý köşgüniň bagynda seýil edip ýören suratlaryny ýaýratdy we "söýginiň entegem gizlinlikde dowam edýändigini" nygtady.

Protokol protokoldyr

Prezidentiň soňky täze suratlary bolsa onuň Gazagystana resmi sapary mahalynda düşürilipdir. Nebite baý Merkezi Aziýa ýurtlaryna gurnalan saparda jenap Ollandyň toparynda 40 sany fransuz biznesmeni hem bardy.

Gazak häkimiýetleri mundan owalam ýokary derejeli myhmanlara milli geýimden halat-serpaý edýärdiler. Has dogrusy, bu ýagdaý Gazagystanyň prezidentiniň resmi protokolydyr. Şonuň üçinem Fransiýanyň prezidentinden gazak biçüwindäki possunly we tahýaly surata düşmek haýyş edilipdir.

Metbugatyň ýazmagyna görä, Gazagystanyň prezidentiniň öz suraty henizem şol öňki adaty ýerinde dur. Çünki, nähilem bolsa, ol fransuz kärdeşi babatynda gazak prezidenti hökmünde öz adaty wezipesini ýerine ýetiripdir.

XS
SM
MD
LG