Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz diplomaty serhetde tutuldy


Gazagystanyň Gyrgyzystan bilen serhedi

Gazagystanyň Gyrgyzystan bilen serhedi

Gyrgyzystanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgäri Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň serhedinde tutuldy.

Gyrgyz mediasy ady agzalmadyk gyzgyz resmilerine salgylanyp, ady gizlinlikde saklanýan adamyň 9-njy dekabrda syrly dokumentleri alyp barýarka saklanandygyny habar berdi.

Geçen aýda Gyrgyzystanyň hökümetiniň daşary gatnaşyklar boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Altynbek Muraliýew gizlin dokumentleri ýygnamakda we olary daşary ýurtlaryň gizlin gulluklaryna bermekde ýa-da bermek niýetinde bolmakda güman edilip, tussag astyna alnypdy.

Gyrgyz diplomatynyň serhetde tutulmagy bilen bagly wakanyň Muraliýewiň işine gatnaşygynyň bolup-bolmazlygy belli däl.

XS
SM
MD
LG