Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: “Dymyşlyk gününde” ok atyşyk durdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ukrainharbylary bilen duşuşýar.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ukrainharbylary bilen duşuşýar.

Ukrainadan gelip gowuşýan maglumatlara görä, hökümet güýçleri we orsparaz separatistler Kiýew tarapyndan ýurduň gündogaryndaky söweşleri ýatyrmak maksady bilen yglan edilen “Dymyşlyk gününiň” talaplarynyň ýerine ýetirilişine syn edýärler.

Geçen hepde ukrain harbylarynyň 9-njy dekabrda ok atyşygy bes etjekdigini yglan eden prezident Petro Poroşenko ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň häzire çenli berjaý edilýändigini mälim etdi.

Proroşenko Singapur şäherinde beren leksiýasynda 9-njy dekabr güni “heniz ýekeje-de ok atylmady we bir esgerimiz hem öldürilmedi” diýdi.

Ukrainadaky bu ýaraşyk ylalaşygy Russiýanyň tebigy gazynyň Ukraina gaýtadan akdyrylyp başlanan wagtyna gabat geldi. Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dartgynlylyklar güýçlenen mahaly, alty aý öň Russiýa Ukraina akdyrýan gazyny togtadypdy.

“Ukraina öz azatlygyny bermez”

Pororşenko Singapurda biznesmenleriň, akademikleriň we diplomatlaryň öňünde eden çykyşynda Ukraina “gan döküşikligi bes etmäge” taýýar, emma munuň deregine öz azatlygyny, demokratiýany, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny bermez diýdi.

Gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistleriň agalygyndaky iki welaýatyň paýtagtlary Lugansk we Donetsk şäherlerinden gelip gowşan maglumatlara görä, 9-njy dekabrda ýaraşyk ylalaşygynyň berjaý edilişine giň gerimde syn edilýär.

Öz-özüni jar eden “Donetsk halk respublikasynyň” lideri Aleksandr Zaharçenko Donetsk şäherinde bolan daňdanky hüjümlerden soň “häzirki wagtda ýagdaýlaryň asudadygyny” aýtdy.

“Interfax” habar gullugynyň Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sözçüsi Walentin Burýaçenko salgylanyp berýän maglumatyna görä, Lugansk şäherinde bu gün ölüm howply diňe bir hüjümiň bolandygy hasaba alnypdyr.

4300-den gowrak adam heläk boldy

Ukrainadaky konfliktlerde 4 300-den gowrak adam öldürildi we ýüz müňlerçe adam öz öýlerini terk edip, başga ýerlere göçmäge mejbur boldular.

Orsparaz separatistleriň liderleri Kiýew tarapyndan yglan edilen ýaraşyk planyna öz goldawlaryny bildirdiler we ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk başlanaly bäri ýowuz hüjümler amala aşyrylmady.

Şol bir wagtyň özünde Ukrainanyň harby resmileriniň 8-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýaraşyk ylalaşygy başlamazdan öňki 24 sagadyň dowamynda ýaşaýyş jaýlaryň ýerleşýän ýerlerine we hökümet güýçlerine 60-dan gowrak raketa hüjümleri amala aşyrylypdyr. Ol artilleriýa hüjümlerinde parahat ilatdan iki adamyň öldürilendigi, şeýle-de 10 adamynyň ýaralanandygy mälim edildi.

Donetskiň orsparaz resmileri hem separatistleriň kontrollygyndaky şähere edilen hüjümleriň netijesinde parahat ilatdan iki adamynyň öldürilendigini we 20 çemesi ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigini aýdypdylar.

Parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry

Bu aralykda Poroşenko Minskde parahatçylyk boýunça gepleşikleriň täze tapgyryny gurnamaga çalyşýar. Bu gepleşiklere ukrain, rus we orsparaz separatistleriň wekilleri bilen birlikde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň resmileri gatnaşarlar.

Ukraina, dogrusy, parahatçylyk gepleşikleriniň 9-njy dekabrda geçirilmegi ugrunda çalşypdy, emma orsparaz separatistler onuň biraz öňdäki günlerde geçirilmegini islediler.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň derňew departamentiniň ýolbaşçysy Wasiliý Wowk özüniň 8-nji dekabrda telewideniýede eden çykyşynda Minsk parahatçylyk gepleşikleriniň 12-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim etdi.

Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Günbataryň beýleki ýurtlary Russiýanyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna hem-de Donetks we Lugansk welaýatlaryndaky orsparaz separatistlere berýän goldawyna gaýtawul hökmünde Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary girizdiler.

XS
SM
MD
LG