Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitarap Türkmenistan we Dünýä türkmenleri


Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler.
Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler.

Mundan 19 ýyl ozal, Türkmenistan bitaraplyk statusyny yglan edende, keminden dunýä türkmenleri nukdaynazaryndan aýdylanda, bu terminiň manysyna we onuň iş ýüzünde nämäni aňladýandygyna o diýen göz ýetiren bolmandy.

Wagtyň geçmegi bilen bitaraplyk statusy Türkmenistanda uly baýram edilip bellenilip başlandy, medýada yzygiderli gaýtalanmagy sebäpli, bu söz ýurduň sýyasy durmuşynda in köp gaýtalanýan terminlerden birine öwrüldi.

Eýsem, bitaraplyk statusy we onuň Türkmenistany “Ata watanym” diýýän dünýä türkmenleriniň durmuşyna nähili täsiri boldy? Gelnen häzirki tapgyrda olar bu statusa nähili düşünýärler we onuň netijelerine nähili baha berýärler?

Azatlyk Radiosy, şeýle tema esasynda hemmeleri öz pikirdir-garaýyşlaryny aýtmaga çagyrýar. Bu baradaky teswirleriňizi, aşakdaky forumda ýa-da gepleşigimize gatnaşyp beýan edip bilersiňiz. Programmamyza gatnaşmak üçin şu e-mail arkaly habarlaşyp bilersiňiz: hat@azatradio.org .

XS
SM
MD
LG