Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ruslara çagyryş etdi


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew.
Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew.

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew rus rublynyň hümmetiniň ýiti pese gaçýandygyna garamazdan, ruslara “dowula düşmezlige” we öz süýşürintgilerini rus pul birliginde saklamaga çagyryş etdi.

10-njy dekabrda Medwedew telewideniýede goýberilen ýyllyk interwýusynda, Günbataryň Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin Moskwa garşy girizen sanksiýalary rublyň hümmetiniň pese gaçmagyna goşant goşdy diýdi.

Şu ýyl rus rublynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy 40% çemesi pese gaçdy we soňky hepdeleriň dowamynda rus pul birliginiň hümmeti has-da pese gaçyp, täze derejesine ýetdi.

Medwedew sanksiýalaryň netijesinde ýewropa ýurtlarynyň 40 milliard amerikan dollary möçberinde ýitgi çekendigini aýdyp, sanksiýalaryň ýewropa ýurtlary üçin hem zyýanlydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG