Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: Rubl barada dowula düşmäň


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, 10-njy dekabr, 2014.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, 10-njy dekabr, 2014.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew orsýetlileri “dowla düşmezlige” we, milli puluň pese gaçmagyna garamazdan, öz pullaryny rublda saklamaga çagyrdy.

Ol: “Meniň pikirimçe, biziň ählimiz sabyr-takatly bolmaly, bu döwri başdan geçirmeli we gelejege seretmeli” diýdi.

Medwedew 10-njy dekabrda telewideniýede görkezilen ýyllyk çykyşynda Günbataryň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň rubluň pese gaçmagyna sebäp bolandygyny aýtdy. Şu ýyl rubl amerikan dollary bilen gatnaşykda 40% pese gaçdy, ýakyn hepdelerde onuň ýene-de peseljegi çak edilýär.

"Ýewropa hem zyýan çekýär"

Medwedew Orsýetiň öňki duýduryşlaryny gaýtalap, sanksiýalaryň Ýewropa ýurtlarynyň özleri üçin hem zyýanlydygyny aýtdy we olaryň netijede 40 milliard dollar zyýan çekendigini belledi.

Medwedew, “Orsýetiň ekspertleriniň hasaplaryna görä, Ýewropa şu ýyl ýene 50 milliard dollar ýitgi çeker” diýdi.

Orsýetiň sanksiýalara jogaby - özüne garşy sanksiýa girizen ýurtlaryň azyk önümleriniň importyna yglan eden gadagançylygyny hem öz içine alýar.

Medwedew geçmişde rubldan el çeken köp orsýetlileriň uzak möhletli perspektiwada köplenç puluny ýitirendigini aýtdy.

Şeýle-de ol hökümetiň rubluň çökmeginiň öwezini dolmak üçin pensiýalary we döwlet töleglerini indeksasiýa edip, ýagdaýa görä hümmetini kadalaşdyrjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň esasy girdeji çeşmesi bolan nebitiň bahasynyň dünýä bazarynda peselmegi rubluň çökmegini hasam tizleşdirýär.

Orsýetiň “ykbaly”

Medwedew Orsýetiň sanksiýalaryň netijesinde özüni alyp barşyny üýtgetmeginiň mümkindigini agzamady. Orsýete garşy girizilen sanksiýalar onuň mart aýynda Krym ýarymadasyny basyp almagy we gündogar Ukrainada ýaragly pitne turzan orsýetçi separatistlere berýän goldawy bilen bagly. Gündogar Ukrainada aprel aýyndan bäri dowam edýän konflikt zerarly 4 300-den gowrak adam wepat boldy.

Medwedew Krymy Orsýetiň “ykbaly” diýip atlandyrdy we ýadro ýaragyna eýe bolan döwletleriň arasyndaky güýçli dartgynlylykda ABŞ-ny aýyplady.

Medwedew "häzirki amerikan administrasiýasy özüni adekwat bolmadyk we garaşylmadyk” görnüşde alyp barýar diýdi.

Ol “amerikanlar” “biziň ýurdumyza garşy sanksiýalary girizip, Orsýete garşy dostlukly bolmadyk fornty döretmäge synanyşýarlar. Bu dostlukly bolmadyk hereketler, bu aýdyň bir zat” diýip, Medwedew öz sözlerini tekrarlady.

XS
SM
MD
LG