Sepleriň elýeterliligi

Mollanepes teatrynyň gastrolda gezip ýören toparyna ýolbaşçylyk edip ýörkäm, ýolumyz Tagtabazara düşdi. Şonda raýonyň agrotehnikasynyň başlygynyň öýüne Engels kolhozyndan ýörite çagyrylan, il içinde Öde akga ady bilen meşhur bolan bagşy daň agarýança ýeke gezek daş çykman, ýüreginden joşýan aýdymlarynyňam arasyny kesmän, myhmanlara hezil beripdi.

Bar keýpini diňe gök çaýdan alyp oturan bagşynyň gapdaljygynda çöpüň ujy çykyp duran, mürepbeden boşan banka durdy. Her aýdymdan soň Öde akga naşyja naskädisini dişine «tyrk-tyrk» edip, yzy üzülmän, iki gezek gaýtalaman, gaýnan suýt kimin çogup gelýän aýdymlaryna az-kem dyngy beripdi.

Bagşynyň bir gijede gazanan minnetdarlyk alkyşy hem «tanryýalkasyny» başga bir bendäniň tutuş ömrüne ýetjekdi...

Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobat bilen ilkinji duşuşyk Aşgabadyň «Türkmenistan» myhmanhanasynda bolup geçdi.

Bir gün «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgäri, şahyr Öwezmyrat Babaýewiň Karl Marks köçesinde ýerleşýän öýüne «gupbaly jaýyň» ideologlary tarapyndan silterlenip, ekrandan, radiodan çetleşdirilen bagşy Molla Çäkli gelipdir.

Ne elinde, ne arkasynda dutar götermek bagşa gadagan edilensoň, Gurbannazar bilen tirkeşip, Podwoýskiý 69 bilen Sowhoznaýa 1-iň çatrygyna, şahyryň kakasy Eziz Hümmet oglunyň huzuryna baryp, tamdyra diledik.

«Kürräm, – ol ýeke ogluna hemişe şeýle ýüzlenerdi – nirede otursaňyzam dutary goýup gaýdaýmagyn» diýip berk tabşyrdy.

Gije sagat ikilere deniç Molla Çeklini diňläp, elimiz tamdyraly ýola düşdük. Birdenem Gurbannazar sakga durup, maňa ýüzlendi:

– Aýdymlaryny ýazdyrmak üçin Ödenyýaz gelipdir, özem «Turkmenistan» myhmanhanasynda bolmaly. Ýör, salamlaşyp geçeli, bagtymyz işlese bäş-üç sany sazam diňläýedik.

Şeýdip, il-günüň hoşlaşýan wagty salamlaşmaga bardyk.

Gurbannazar irkilip oturan nobatçy gelniň (türkmen maşgalasy däldigini çintgeläp oturmaýyn), başyny-gözüni aýlap, hatda Ýeseninden goşgy okap berip, bagşynyň haýsy nomerdedigini anyklady-da, meniňem ýeňimden çekip, ikinji gata durman çykdy.

«Kak gapyny» diýdi. «Meniň-ä elim baranok» diýdim. Özi kakdy.

Egni pijamaly bagşy işigi açandan, ilki maňa gözi düşen bolsa, gapyny jarkyldadyp ýapardy, ýöne Gurbannazary gowy tanaýan eken...

Çaýjagaz demlenip, şol içi gumly bankasyna-da ýanyna alyp, tamdyrasyny gabyndan çykaran Öde akga iki sagada golaý saz çalandyr – otuz sekiz ýyldan soňam şo duşuşyk öten agşam bolup geçen ýaly...

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG