Sepleriň elýeterliligi

CIA: Derňew usullary ýazgarylýar


ABŞ-nyň harby türmesi, Guantanamo, Kuba, 2009.

ABŞ-nyň harby türmesi, Guantanamo, Kuba, 2009.

BMG-niň adam hukuklary boýunça wekili we adam hukuklaryny goraýjy toparlar terrorçylykda güman edilýän adamlary sorag etmekde Senat tarapyndan “rehimsiz” diýlip yglan edilen hereketlere gatnaşygy bolan amerikan resmilerine temmi bermäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Senatynyň Derňew komitetiniň 9-njy dekabrda çap eden hasabatynda Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) sorag etmek usullarynyň resmilere habar berlişinden has erbet görnüşlerini ulanandygy aýan edildi.

Şeýle-de, hasabatda aýdylyşyna görä, ulanylan usullar “takyk maglumat almakda we tussaglary hyzmatdaşlyga çekmekde netijeli” bolmandyr.

BMG-niň adam hukuklary we terrorizme garşy meseleler boýunça ýörite hasabatçysy Ben Emmerson jeneýatçylyklary planlaşdyran we olara guramaçylyk eden George Buşuň administrasiýasyndan bolan ýokary derejeli resmileriň, şeýle-de gynamalara jogapkär Merkezi aňtaw agentliginiň we ABŞ-nyň hökümetiniň resmileriniň jezalandyrylmalydygyny aýtdy.

Jogapkärleri adalata çekmäge çagyryş

Beýannamada ABŞ-nyň “jogapkärleri adalata çekmäge kanun taýdan borçludygy” nygtalýar.

Amerikan raýat azatlyklarynyň bileleşigi ABŞ-nyň baş prokuroryny “gynamalar programmasyny döreden, makullan, amala aşyran we ýaşyran” resmileriň işini derňemek üçin ýörite jogapkär adamyny bellemäge çagyrdy.

“Jenaýatçylar jogapkärçilige çekilmeli” diýip, beýannamada aýdylýar. “Biziň sistemamyzda hiç kim kanunyň daşynda bolmaly däl".

Human Rights Watch guramasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kenneth Roth, eger hasabat çap edilmegi resmileriň jezalandyrylmagyna getirmese, “gynamalar geljekki prezidentler üçin ‘syýasy müminçilik’ bolup galar” diýdi.

6,000 sahypalyk hasabat Senatyň Derňew komitetiniň bäş ýyllyk derňewleriniň netijesidir. Hasabatyň diňe redaktirlenen 525 sahypalyk jemleýji görnüşi çap edildi.

Hasabatda Merkezi aňtaw agentliginiň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da bolan terrorçylykly hüjümlerden soň “Al-Kaýda” bagly bolmakda güman edilýän adamlaryň Ýewropada we Aziýada gizlin ýerlerde sorag edilmeginiň usullary barada jikme-jik maglumat berilýär.

Hasabatda Merkezi aňtaw agentligi terraktlardan soňky ýyllarda terrorçylykda güman edilýän adamlara garşy ulanylan rehimsizligiň möçberi barada ýalňyş maglumat bermekde aýyplanýar.

Şeýle-de dokumentde “fiziki taýdan şikesleri güýçlendirmeginiň” mümkindigi barada “Merkezi awtaw agentliginiň medisina işgärleriniň duýduryş bermegine garamazdan”, fiziki gynamalaryň ulanylandygy aýdylýar.

Prezident Barak Obama hasabatdaky maglumatlary “howatyrlandyryjy” diýip atlandyrdy.

Ol, 2009-njy ýylda häkimiýet başyna geçende, sorag edişligiň berk düzgünlerini “biziň gymmatlyklarymyza ters gelýär” diýip, gadagan edipdi.

Şeýle-de prezident agzalan derňew usullary “Amerikanyň dünýädäki derejesine uly zeper ýetirdi we biziň ýaranlarymyz hem partnýorlarymyz bilen bähbitlerimize ýetmegimizi kynlaşdyrdy” diýdi. Ol häzir hereket etmek üçin wagtyň gelendigini belläp, ‘Hasabatyň şol usullary olaryň öz ýerinde – geçmişde galdyrmaga kömek berjegine umyt baglaýandygyny” aýtdy.

Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri John Brennan öz beýannamasynda agentligiň goýberen ýalňyşlaryndan degerli sapak alandygyny öňe sürdi. Emma ol mejbur ediji usullaryň “hüjüm planlarynyň öňüni almaga, terrorçylary tussag etmäge we adamlaryň janyny halas etmäge” ýardam berendigini belledi.

Öňki wise-prezident Dik Çeneý (Dick Cheney) derňewleriň “tutuşlugyna, dolulygyna kanuny” bolandygyny “The New York Times” neşirine beýan etdi. Çeneý olar “ýurdy köpçülikleýin heläkçilikli hüjümlerden halas etdi, bu hem biziň maksadymyzdyr” diýdi.

Täsirli respublikan senator John Makkeýn (McCain) gynamalaryň “çyn maglumaty seýrek berýändigini” aýdýar.

Onuň sözlerine görä, hatda Osama Bin Ladeni gözlemekde iň möhüm maglumatlar “adaty derňew usullaryndan gelip çykdy”.

Halkara seslenmeleri

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron ABŞ-nyň hasabaty barada özüne berlen soraga şeýle jogap berdi: “Açyk aýtsak: gynamalar nädogry. Gynamalar mydama nädogry”.

"9/11-den soň bolup geçen nädogry zatlar bolupdy. Biz olaryň nädogry bolandygy baradaky fakty boýun almaly”.

Polşanyň goranmak ministri Tomasz Siemoniak hasabatyň çap edilmeginiň ýaranlarynyň ABŞ-a bildirýän ynamyna zeper ýetirýändigini aýtdy.

Hasabatyň Waşingtonda çap edilmeginiň birnäçe sagat öňüsyrasynda ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel (Chuck Hagel) ABŞ-nyň dünýädäki harby güýçlerine “ýokary taýýarlyk derejesinde” bolmagy tabşyrandygyny aýdyp, hasabatyň ABŞ-nyň goşunlaryna garşy hüjümleri güýçlendirmeginiň mümkindigini belledi.

Ak tamyň 8-nji dekabrda habar bermegine görä, ABŞ-nyň dünýä ýüzündäki ilçihanalaryna we beýleki edaralaryna “uly töwekgelçiligiň” bolmagynyň “käbir alamatlary” bilen baglylykda hüşgär bolmak tabşyrylypdyr.

ABŞ-nyň ilçihanalary Owganystandaky we Pakistandaky amerikan raýatlaryna ýüzlenip, hasabatyň çap edilmeginiň “ABŞ-a garşy protestleri döredip biljekdigini we ABŞ-nyň bähbitlerine, şol sanda ABŞ-nyň raýatlaryna garşy zorluklary tutaşdyryp biljekdigini” duýdurdy.

XS
SM
MD
LG