Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow 'anyklyk' soraýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 9-njy dekabrda Aşgabatda energiýä bagyşlanyp geçirilen ýygnakda energiýanyň üýtgäp duran bahasyna ünsi çekip, bu harydyň nyrhy bilen baglanşykly ýagdaýa anyklyk getirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Berdimuhamedow öz çykyşynda şeýle diýdi: “Biz häzirki döwürde uglewodorod ýangyjynyň nyrhlarynyň hiç bir sebäpsiz häli-şindi üýtgäp durýandygyny görýäris. Nyrhlar nähili sebäplere görä üýtgeýän bolsa-da, bu agzalan serişdeleri iberijileriň we sarp edijileriň gatnaşyklarynda oňaýsyz ýagdaýy döredýär”.

Onuň bu sözleri halkara bazarynda nebitiň bahasynyň öň ýokary galyp, häzirem pese gaçan mahalyna gabat geldi. Nebitiň bir barreliniň häzirki bahasy 65 dollara barabardyr, ol mundan sähelçe wagt ozal 80 dollardan satylýardy.

Milli girdejisinde nebitiň we tebigy gazyň halkara bahasyna uly möçberde bil baglaýan Orsýet bu ýagdaýyň döremeginde Günbatary aýyplap, oňa Orsýetiň ykdysadyýetine garşy görülýän bir çäre hökmünde baha berýär. Nebit öndüriji ýurtlar we Günbatar bu aýyplamalary ret edýärler.

Gazgeçiriji proýektler

Berdimuhamedow, öz çykyşynda, hiç bir ýurduň adyny agzamazdan, bu ýagdaýyň özlerini hem alada goýýandygyny bildirdi. Prezident aýratynam Türkmenistanyň öz gazyny eksport etmek boýunça alyp barýan işlerine ünsi çekip, Transowgan, şeýle-de türkmen gazyny Eýrana we Hytaýya akdyrjak we akdyrýan turbalar hakda durup geçdi.

Türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak proýekt, ýagny Transhazar barada takyk gürrüň etmese-de, şol proýektiň amala aşmagynyň öňündäki käbir päsgelçilikler bilen bagly gürrüň edip, ol aýratynam tranzit, ýagny ýangyç serişdelerini üstaşyr geçiriji ýurtlaryň roluna ünsi çekdi.

Berdimuhamedow öz çykyşynda: “Biz energiýä serişdelerini ibermek meselesine syýasy äheň bermäge ýol berilmesiz diýip hasap edýäris. Şeýle usulyň ulanylmagyna döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda üstaşyr geçirmekde hilegärlige ýol bermek diýip düşünýäris” diýip, bu meselede öz hökümetiniň pozisiýasyny beýan etdi.

Mälim bolşuna görä, Türkmenistan 90-nji ýyllardan bäri Hazar deňziniň asty bilen öz gazyny Ýewropa akdyrmak barada alada edip gelýär. Emma beýleki hazarýaka ýurtlar, ýagny Orsýet we Eýran deňziň statusynyň kesgitsizdigini tutaryk edinip, Hazary bilen bagly hiç bir proýektiň, goňşularyň razylygy bolmazdan, amala aşyrylyp bilinmejegini tekrarlaýarlar.

Berdimuhamedowyň bu çykyşy Orsýetiň esasy energiýä müşderileri bolan Ýewropa bilen arasynda dörän dartgynlyk döwrüne gabat geldi. Ukrainanyň içerki işlerine gatyşmakda aýyplanýan Orsýet ýaňy-ýakynda Ýewropa gaz akdyrmak üçin planlaşdyran “Günorta akym” proýektiniň gurluşygyny ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu wakadan soň Ýewropanyň türkmen gazyna bolan talabynyň hasam artjakdygy barada gürrüňler peýda boldy.

XS
SM
MD
LG