Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Google täzelikler' Ispaniýada işini togtadýar


Google kompaniýasynyň edarasy
Google kompaniýasynyň edarasy

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Google kompaniýasy Google täzelikler gullugyny ýapjakdygyny we täze kanunyň muňa sebäp bolandygyny aýdýar. Bu kanun Googlyň ispan täzelikler guramalarynyň ençemesine olaryň maglumatlary we salgylary üçin pul tölemegini talap edýär.

Ispaniýada 1-nji ýanwardan güýje girýän intellektual emläk hukugy boýunça kanun ýerli çap görnüşli media serişdelerini we neşirleri goramaklyga niýetlenýär.

Bu kanun “Google taх”, ýagny “Google salgydy” ady bilen tanalýar, sebäbi beýleki çeşmeleriň maglumatlarynyň mazmunyna salgy berýän hem paýlaşýan Google täzelikler ýaly internet kompaniýalara salgyt girizýär.

Google Ispaniýa üçin öz önümleriniň ispan neşirleriniň mazmuny bilen arabaglanyşygyny ýatyrýandygyny we 16-njy dekabrda ýapýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG