Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

270 müň tonna plastik dünýä okeanyny hapalaýar


Azores -- A beach in the Azores is pictured littered with plastic garbage, undated
Azores -- A beach in the Azores is pictured littered with plastic garbage, undated

Täze barlaglarda 270 000 tonna plastigiň dünýä okeanlarynda ýüzýändigi aýdylýar.

Alymlar 10-njy dekabrda yglan eden sanlarynyň okeanlarda plastik hapalaryň mukdary boýunça ylym tarapyndan tassyklanan iň takyk maglumatdygyny aýdýarlar.

Los Angelesde ýerleşýän “5 Aýlaw” atly institutyň alymlarynyň aýtmagyna görä, maglumatlar 24 gäminiň alty ýylyň dowamynda dünýä ýüzünde geçiren barlaglarynyň netijesinde toplanypdyr.

Alymlar hem suwuň ýüzündäki iri plastik böleklerini, hem-de suwuň aşagyndan tor bilen çykarylan plastik galyndylaryny hasaplapdyrlar.

XS
SM
MD
LG