Sepleriň elýeterliligi

Kabardino-Balkariýa: 4 söweşiji öldürildi


Nalçik

Nalçik

Orsýetiň resmileri howpsuzlyk güýçleriniň Demirgazyk Kawkaz regionynyň durnuksyz Kabardino-Balkariýa respublikasynda azyndan dört söweşijini öldürendigini habar berdiler.

Kanun goraýjy resmileriň orsýet mediasyna aýtmagyna görä, söweşijiler 11-nji dekabrda irden Nalçik şäherinde bir öýde bolan ok atyşykda öldürilipdir.

Häkimiýetler howpsuzlyk operasiýalarynyň dowam etdirilýändigini, telewizion we radio stansiýalarynyň ýerli ilaty öýlerinde galmaga çagyrýandygyny aýtdylar.

Demirgazyk Kawkazyň esasan musulman ilatly welaýatlary ýygy-ýygydan hüjümlere sezewar bolýarlar, bu ýerde howpsuzlyk güýçleriniň we Çeçenistandaky postsowet separatist uruşlary döwründe emele gelen yslamçy gozgalaňçylaryň arasynda yzygiderli çaknyşyklar bolýar.

XS
SM
MD
LG