Sepleriň elýeterliligi

ABŞ owgan türmesine gözegçiligini ýatyrýar


Pul-e-Çarki türmesi, Owganystan

Pul-e-Çarki türmesi, Owganystan

Pentagon ABŞ-nyň mundan beýläk Owganystanda hiç bir türmäni dolandyrmaýandygyny aýtdy. Pentagonyň metbugat-wekiliniň 10-njy dekabrda habar bermegine görä, Parwan tussag merkeziniň soňky üç bendisi ABŞ-nyň türmesinden boşadylypdyr.

Pentagonyň resmisi ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň Owganystanda mundan beýläk tussaghana saklamaýandygyny we ähli türmelere owgan hökümetiniň jogapkärdigini belledi.

Bu mesele şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň aladalanmalary bilen baglylykda çylşyrymlaşypdy. Waşington Owganystanyň türmelerinden boşadylýan “Talyban” söweşijileriniň ýene-de söweş meýdanlaryna dolanmagyndan howatyrlanýar.

XS
SM
MD
LG