Sepleriň elýeterliligi

Gazak türmelerini daşary ýurtlular gurar


Gazagystan täze türmelerini gurmak boýunça tender bäsdeşligine daşary
ýurtly şirketleri çagyrar. Bu Merkezi Aziýa ýurdy sowet döwründe Gulag türme sistemasynyň ençeme tussaghanalarynyň ýerleşen ýeridir.

Gazagystanda 2015-2016-njy ýyllarda türmeleriň gurluşygy boýunça bäsdeşlige daşary ýurtly kompaniýalaryň we maýa goýujylaryň gatnaşdyryljagy barada žurnalistlere 11-nji dekabrda Astanada ýurduň türme sistemasyna gözegçilik edýän döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Žanat Keşubaewyň habar berdi.

Keşubaew döwletiň türmeleri dolandyrmagyny dowam etdirjekdigini, hususy içerki we daşary ýurtly biznesiň bolsa türmeleriň diňe gurluşygyna jogapkär boljakdygyny aýtdy.

Gazagystan türmeleriň ýagdaýy boýunça köp ýyl bäri tankyt edilip gelinýär. Resmiler 17.3 million ilatly ýurduň tussaghanalarynda 42 000 adamyň saklanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG