Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasatçylara göz görkezen ýazyjy


Amerikan ýazyjysy Hunter Thompson
Amerikan ýazyjysy Hunter Thompson

"Ýaşlar syýasy ýagdaýlary yzarlamak bilen hiç wagt gyzyklanmaýarlar. Häzirlikçe olara gyzyksyz görünýän käbir zatlaryň aslynda geljekde nähili netijeler döretjekdigine düşünmeýärler. Aslynda welin, syýasatçylara göz görkezip biljek adamlaryň döremegi bilen bagly wakalar hemişe tapylgysyz bolýar".

Ýazyjynyň gorky we gönümellik sebäbi

Hunter Thompson Amerikany näme bilen gorkuzýardy?

Çap etdiren sözleri bilen 21-nji asyrdaky amerikan medeniýetiniň iň tanymal şahsyýetleriniň biri hasaplanýan bu adamyň başynda hiç haçan howp az bolmandyr...

Luiswill (Luisvill) - Kentukki ştatynyň iň uly şäheridir. Beýleki şäherler bilen deňeşdirilende ol "Uly pajygadan" soň tiz wagtda dikeldilenem bolsa, 1937-nji ýylyň "Uly sili" gelende şäher halkynyň ýarpysyndan köpüsi ol betbagtçylykda pida bolupdyr.

Jemgyýet gatlaklarynyň tapawudy has ýiti duýulýan, köpçüligiň garyplyga we işsizlige uçran bu şäherinde 18-nji iýulda bir işçi maşgalasynda dünýäniň 20-nji asyryň ikinji ýarymyndaky iň tanymal ýazyjylarynyň we žurnalistleriniň biri dünýä inipdir.

Önüp-ösen ýerinde höküm sürýän durmuş şertleriniň ýaş oglanda çuňňur täsir galdyrany sebäpli, ol geljekde öz eserleri bilen dünýäniň gowulaşmagy üçin elinden gelelini gaýgyrmakçy däldi.

Çendenaşa özdiýenli

19 ýaşyndaka işi suda düşen we bu ýagdaýdan sypmaga synanyşan Hanter Thompson harby gulluga iberilipdir. Ol Florida ştatyndaky Ekulin (Eqlin) harby düşelgesinde aragatnaşyk hyzmaty bölüminde bir wezipä bellenipdir.

Ýazyjylyga türgenleşik habarlaryndan başlan Thompsona gysga wagtyň içinde goşun gazýetiniň baş redaktorlygy berlipdir.

Ondan soň ol ştatdan daşarky habarçy hökmünde birnäçe ýerli gazýetlerde işlemäge başlapdyr. Şeýle ýagdaýda adaty esger bolan Thompson mümkinçiligi bolanda, goşunyň baştutanlygyny, kämahal hem gulluk edýän ýeri bolan harby-howa meýdanynyň serkerdeligini tankyt edipdir.

Ol tankydy materiallarynda, adatça, gös-göni öz serkerdelerini we gullukdaşlaryny saýlap alypdyr.

Goşundaky ýagdaýy edil bolşy ýaly suratlandyrmaklyk bilen bilelikde Thompson, hökümetiň halky buýruk bilen dolandyrmaklyk kadasyny sarsdyrypdyr, harbylaryň durmuş ýagdaýlarynyň ähli gülkünç taraplaryny okyjylara aýan edip görkezipdir. Hanteriň ýazýan zatlary öwüt-nesihatdan üzňe bolupdyr we öz tankyt edýänlerine garşy hiç haçan ýigrenç duýgusyny döretmändir.

Ýaş žurnalist bularyň deregine ABŞ-nyň harby ulgamynda bar bolan geň-taňlyklary paş edipdir. Meselem, adaty durmuşda hiç hili jogapkärçiligi öz üstüne alyp bilmeýän sowatsyz ýaşlaryň ygtyýaryna kämil harby enjamlaryň we hatda iň ösen amerikan harby uçarlarynyň berilýändigine ünsi çekipdir.

Goşunyň aragatnaşyk hyzmatlary bölüminiň serkerdesi öz beren häsiýetnamasynda Thompsony "Çendenaşa özdiýenli we boýnyýogyn biri" diýip suratlandyrmak bilen onuň harby gullukdan gyssagly boşadylmagyny teklip edipdir. Şonuň üçinem Hanter 1958-nji ýylda harby gullukdan adaty durmuşa geçipdir.

"Diňe motosikletli başbozarlar"

Bir gyzy topar bolup zorlan baýkerler baradaky jenaýat 1965-nji ýylda tutuş Amerikany aýaga galdyrypdyr. Ana, şonda "Jähennemiň perişdeleri" diýip atlandyrylýan gaty aýylganç bir motorsikletli başbozarlar toparynyň bardygyndan ýurduň halky habardar bolupdyr. Thompson "The National-da" şeýle ýazypdyr: "Aslynda bu adamlar jemgyýetden üzňe adaty başbozar topardyr. Dogrusyny aýtmaly bolsa, ol adamlar özüniň jemgyýet tarapyndan kabul edilmegini hem islemeýärler. Çünki olar özüni jemgyýetde ýekirilen, ret edilen biri ýaly duýmakdan keýp alýarlar. Turan galmagal olaryň adyny ile ýaýratdy, adaty raýatlary dowla düşürdi we şeýlelik-de baýkerler ähli halk üçin gorkunç howpa öwrüldiler".

Şol wagt Thompsonyň Konzo žurnalistika tilsimindäki bu makalasy diýseň uly seslenme döredipdir welin, hatda bir neşirýat oňa "Jähennemiň perişdeleri" atly başbozar topar barada bir kitap ýazmaklygy teklip edipdir. Şeýle teklip Hanteri ABŞ-nyň iň tanymal ýazyjylarynyň birine öwrüpdir.

Kitaba meşhurlyk gazandyran diňe baýkerleriň durmuşynyň jikme-jik suratlandyrylmagy däl, eýse olaryň jemgyýetiň agzalary, kanun goraýjy organlar, köpçülikleýin habar serişdeleri bilen gönümel gürrüňdeşlikleriniň hem eserde giňişleýin orun almagy bolupdyr.

Thompson şeýle ýazypdyr: "Şeýle ýagdaý bardy "Perişdeler" haýsy şäherde peýda bolsa, ýerli halk edil bitlän ýaly bolýardy. Hemmeler öýüne bukulyp, ot açmak üçin tüpeňlerini taýyn saklaýardylar. Žurnalistler bolsa öz habarlarynda olara çakdanaşa üns berýärdiler we netijede, hamala, bu ýagdaý uruşda haýsam bolsa bir motosikletli söweşijiler topary bir ýerden başga ýere göçüş edýän ýaly ýagdaý döredýärdi.

Halkyň dowla düşenini görýän polisler hem derrew herekete geçip, baýkerleriň geçjek ýollarynyň gyrasynda berkitmeler gurýardylar. Bu işde nämälimlik esasy mesele bolup durýardy. Sebäbi "Perişdeleriň" hut özlerem haçan nirä gidiljegini bilmeýärdiler, çünki olar diňe kellesine gelenini edýärdiler.

Olaryň "meşhurlyk" gazanmagynda bolsa žurnalistler bilen jemgyýetiň roly ikuçsyzdy. Ýüzi-gözi ýag, kir çyrşalan, ebti agan şeýle başbozarlara köpçülikdäki bar bolan gorky duýgusyndan güýç alyp, olar barýan ähli barlarynda dawa-jenjele hemişe bir bahana gözleýärdiler. Şeýlelikde başbozarlygyň täsirem ýaýbaňlanýardy."

Öz eserleriniň temasy ýaly Thompsonyň saýlap alýan şeýle wawwaly syýasy we jemgyýetçilik ýagdaýlarynyň täsiri bilen agzalýan toparlar hasam hetdenaşa, adaty raýatlar bolsa has-da konserwatiwlige we dözümsizlige ýykgyn edýärdiler.

"Jähennemiň perişdeleri" kitabynda ýazyjynyň suratlandyran köpsanly polis çärelerinde baýkerleriň tussag edilmegi üçin haýsam bolsa bir delil, subutnama tapylmandygy sebäpli polisleriň wakanyň bolan ýerini bialaç terk etmäge mejbur bolmagy we olaryň başbozarlara garşy oňaýsyz tutumlary edil bolşy ýaly duýulýardy. Bu ýagdaý bolsa baýkerleri hasam lälikseredýärdi, olaryň özüni alyp barşyny hasam gyzma we jemgyýetden üzňe ýagdaýa salýardy.

Şeýle suratlandyrmalar bilen Thompsonyň baýkerlere temmi berilmegini öňe sürendigini aýdyp bolmaz. Onuň pikrine görä, ýurtda şeýle ygyp ýören ol adamlar bisowat, edepsiz we özüne erk etmäni oňarmaýan çakdanaşa başbozarlardan başga zat däldi.

Ýazyjynyň bu temada ünsi çekýän meselesi, ynha, şeýle: bu meselede jemgyýetçilik düşünişmezliginiň rasional, makul bir esasy ýok, bu ýagdaý diňe yzagalak, gömük, stereotipleýin düşünjeden we nädogry garaýyşlardan ugur alýar. Bu şeýle ýagdaýda gapma-garşylykly iki tarapa hem degişlidir.

Özüniň "Jähennemiň perişdeleri" atly giň göwrümli eserinde Thompson ilkinji gezek jemgyýetçilik gatnaşyklar ulgamynyň örän çylşyrymly tilsimlerine ünsi çekýär we jemgyýetde döredilen çaknyşyk ýagdaýynyň biakyl sebäbi bolansoň, onuň parasatly çözgüdiniň hem bolmajakdygyny ýaňzydýar.

"Uzyn saçly tarap - garşydaşym"

1968-nji ýylda saýlawlarda - hemişe gysga saçly bolmagyň tarapdary Aspen şäheriniň polisiniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän dalaşgäre "Uzyn saçly tarap - garşydaşym" diýen şygary ulanany üçin Hanter Thompson öz saçyny syrdyrýar. Thompson şol saýlaw kampaniýasyna tanymal ýazyjy we žurnalist höküminde radikal bir programma bilen goşulypdyr. Ol ähli ünsüni bar bolan streotipleri dargatmaga gönükdiripdir. Soň-soňlar Thompson şeýle ýoly saýlap almadygam bolsa, saýlawda üstünlik gazanyp biljekdiklerine kän ynamynyň bolmandygyny aç-açan boýun alypdyr. Diňe jemgyýetde bar bolan problemalara başgaça garalyp çözülmegine goşant goşmaklygy maksat edinendigini aýdypdyr.

Onuň saýlaw programmasyndaky maddalardan biri Aspen şäheriniň adynyň üýtgedilip, oňa "Ýag şäheri" (Fat City) adynyň goýulmagy bolupdyr. Ýazyjy şeýle ideýa bilen inwestorlary şäherden daşlaşdyrmagy ýüregine düwüpdir. Sebäbi soňky döwürlerde ol şähere ýykgyn edýän maýadarlar aldygyna ullakan ofis jaýlar gurup, köçeleri reklamalar bilen dolduryp, tebigata we şäheriň özboluşlylygyna uly zeper ýetiripdirler.

Şäherde pyýada gezilýän ýerleriň köpeldilmegi we bikanun ulag goýmaklygyň öňüniň alynmagyny gazanmak üçin bolsa, Thompson köçelerdäki asfalt gatlagyň aýrylmagyny we onuň deregine ýönekeý gum dökülmegini teklip edipdir. Thompson şeýle diýipdir: "Onsuzam köpimiz haýsam bolsa bir saý-sebäpden konserwatiw köpçüligiň respublikaçy şerifi goldajakdygyna ynanamyzokdyk. Biziň bar aladamyz olaryň biakyl tutumynyň bizi çykgynsyz ýagdaýa eltjekdigine ünsi çekmekdi. Ýöne saýlaw güni alnan netijeler iň ynamdar çaklamalary hem ýer bilen ýegsan etdi. Hatda birsalym bizde saýlawda ýeňiş gazanjakdygymyza ynamam döretdi. Ýöne umumy ýagdaýda biz ýeňlenem bolsak, biziň aladalarymyz olara gaty uly zarba boldy."

"Niksona garşydaş bolanyma buýsanýaryn"

1972-nji ýylda Thompson öz saýlaw tejribeleri baradaky yzygiderli makalalaryny, jemgyýetiň medeni we sosial durmuşy bilen baglanyşykly kitaplaryndan birini ABŞ-nyň iň tanymal žurnallarynyň birinde çap etdirýär.

Onuň yz ýanyndan neşirýatyň redaktory we hemaýatkäri bilelikde geljekde Thompsonyň jemlän materiallaryndan ybarat bolan yzygiderli neşirleriň çap edilmegi babatda bir karara gelýärler.

Şeýle neşirler 1972-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda häkimiýetde iş başyndaky respublikaçy Riçard Nikson bilen onuň garşydaşy ”Demokratlar partiýasynyň” wekili senator Kork Makkowerniň (Corc Makqovern) arasyndaky çekeleşige gollanma bolmalydy.

”Demokratlar partiýasyna” garşy hiç hili pikire uýmadyk Thompson senator Makkowerni aç-açan goldapdyr. Ol öz ukybyny görkezmäge doly mümkinçilik döredilmegi üçin kämahal senatoryň tarapdarlaryny hem saýlaw kampaniyasyndaky liberal tutumyň anyk we düşnükli däldigi bilen bagly tankyt edipdir.

Thompson Makkowerni goldaýandygyny görkezmek maksady bilenem onuň garşydaşyna haýbat atyp, Riçard Niksona garşy pikirleri aýdypdyr we günleriň birinde onuň ruhy ýa-da fiziki taýdan tapdan düşmegine garaşypdyr.

Öz tankytlaryny çäklendirmeýän Thompson, Niksonyň öňe sürýän ähli pikirdir-garaýyşlaryny ýer bilen ýegsan edipdir. Onuň goýberýän kemçiliklerini ("Uotergeyt" galmagalyndan başlap, tä willa gurluşyklaryna berlen şübheli pullara çenli) aýdyp, ony çykgynsyz ýagdaýa salypdyr.

Umuman, ”Respublikaçylaryň” partiýa gurluşy hem Thompsonyň maňzyna batmaýan ekeni. Onuň pikriçe, "ähli partiýa agzalary islese-de, islemese-de haýyn, zalym we bähbitçil oýna" gatnaşmaly bolýarlar.

Alyp barýan haýbatly daşary syýasatyna görä, hökümetdäki partiýanyň oppozisiýa ters gelýän haýsam bolsa bir teklibiniň öňi alnan mahaly, raýatlary göz-görtele gorkuzmaklary sebäpli prezidenti we onuň adminstrasiýasyny "milletparaz" diýip atlandyrypdyr.

Bir gezek Thompson şeýle diýipdir: "Riçard Nikson çendenaşa zalym adamdy. Eger bir adam şeýtanyň nähili bir mahlukdygyny göz öňüne getirip bilmeýän bolsa, onda onuň Niksona seretmegi ýeterlikdir. Meniň özüm Niksona şahsy derejede garşydaş bolandygyma buýsanýaryn we biz ony ýeňdik".

1974-nji ýylyň awgust aýynyň başynda "Uotergeyt" galmagaly turandan soň Nikson hatda ”Respubikaçylar partiýasyndaky” goldawyndan hem mahrum boldy we öz eýeleýän wezipesini taşlamaga mejbur boldy. Ol şu wagta çenli ABŞ-nyň öz möhletinden öň wezipesinden el çeken ýeke-täk prezidenti hökmünde taryhda galdy.

"Olaryň elindäki kartlar açylar"

Garrylyga gadam basan mahaly Hanter Thompson öz ýurdunyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda barha has az rol oýnamaga başlapdyr. Amerikanyň dolanyşygynyň daşarky çekeleşiklerinden bez bolmagy we garrylyk bilen bagly hassalyklar oňa ýeň bermändir.

Thompson seýle diýer eken: "Žurnalistika bilen meşgullanan wagtym öwrenen ähli hakykatlarymy açyklamak islesem, bu ýurtda meniň bilen bilelikde takmynan üç ýüz adam derrew tussag ediler".

Ýyllaryň geçmegi bilen onuň ”Demokratlaryň partiýasyna” bolan duýgudaşlygy hem galmandyr. ”Respublikaçylaryň” agzybirliginiň garşysynda olaryň gaty gowşamagy we çäresiz ýagdaýa düşmegi onuň öz pikirdeşlerini tankyt etmegine sebäp bolupdyr. Meselem, Thompson Bill Klintonyň beň çekmegi bilen baglanyşykly aýyplamalara beren jogabyny ("Men şol neşäni ulansam-da, tüssesini hiç wagt içime çeken däldirin") gönümel ýaňsa alypdyr.

Soňky döwürde Thompson şeýle ýazypdyr: "Syýasy işler gaty içgysgynç bolupdyr we iň soňunda bu ýagdaý häkimiýetiň elindäki kartlaryň doly açylmagyna sebäp bolup biler." Onuň bellemegine görä, syýasatyň haýsy ugra gönükýändigini öňünden kesgitlemeklik barha kynlaşar we häkimiýet ugrundaky göreşijileriniň islegem küteler.

"Ýaşlar syýasy ýagdaýlary yzarlamak bilen hiç wagt gyzyklanmaýarlar. Häzirlikçe olara gyzyksyz görünýän käbir zatlaryň aslynda geljekde nähili netijeler döretjekdigine düşünmeýärler. Aslynda welin, syýasatçylara göz görkezip biljek adamlaryň döremegi bilen bagly wakalar hemişe tapylgysyz bolýar".

Hetdenaşa epatažlylyga ýykgyn eden diýlip tanalýan Hanter Thompson bütin ömründe daşardan döredilýän her hili päsgelçiliklere garşy çykyş edipdir we intelligensiýanyň bellemegine görä, hemişe ýaşaýşy söýüpdir - her ýerde bolup, her bir zady öz gözi bilen görmäge jan edipdir.

Thompsonyň şahsyýeti durnukly bolany üçin ol özüne köp üns çekipdir. Şonuň üçinem ol şol bir wagtyň özünde milliarderleriň arasynda bolşy ýaly baýkerleriň arasynda hem özüni gaty arkaýyň duýupdyr. Onuň gozgan probemalarynyň bolsa çözülmekden başga alajy bolmandyr.

Ynha, şeýle sebäpden Thompsonyň makalalarynyň aglabasy häzirem gaýta-gaýta çap edilýär. Çünki olar häzirem öz aktuallygyny saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG