Sepleriň elýeterliligi

Özbek muzeýiniň öňki işgärleri höküm edildi


Sungat muşdaklary ägä boluň! Sebäbi Özbegistanyň resmileri Daşkentiň Döwlet Sungat muzeýindäki onlarça surat eseriň satylyp, deregine galp suratlaryň ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

12-nji dekabrda özbek paýtagty Daşkentiň sud resmileri surat eserleri galplaşdyrmakda muzeýiň öňki üç işgäriniň höküm edilendigini habar berdiler.

Gürrüňi gidýän işgärler 1999-2014-nji ýyllar aralygynda sowet döwrüniň tanymal hudožnigi tarapyndan çekilen birnäçe surat eserlerini çalşyp, ýerine galp suratlary ýerleşdirmekde we hakykylaryny nämälim şahslara satmakda günäli tapyldylar.

Muzeýiň öňki baş kuratory Mirfaizi Sumanow dokuz ýyl üç aý we beýleki iki işgäri sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG