Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Lawrow çagyryş etdi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gündogar Ukrainadaky urşuň soňuna ýetmek üçin mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, täze parahatçylyk gepleşikleri geçirmäge çagyryş etdi.

Lawrowyň 12-nji dekabrda eden bu çykyşy Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky ok atyşygy bes etmek baradaky “hakyky” diýip häsiýetlendiren ylalaşygyň güýçde galýandygyny mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Lawrow “Ukrainada parahatçylygy dikeltmek üçin mümkinçiligiň dörändigini” aýdyp, “bu kyn boldy, emma ýaraşyk ylalaşyldy, ok atyşygy bes etmek baradaky režim dikeldildi” diýdi.

Şeýle-de, rus daşary işler ministri konfliktden ejir çeken regionlaryň “ykdysadyýetini dikeltmek” ugrunda “öňe gitmek üçin konstruktiw esasyň” bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG