Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Oppozisiýa protest geçirýär


Imran Han.

Imran Han.

Pakistanda öňki kriket ýyldyzy Imran Hanyň liderligindäki oppozision partiýa Karaçi şäheriniň 24 sebitinde daňdandan gün ýaşýança protestleri geçirýär.

“Pakistanyň Tehreek-e Insaf” (PTI) partiýasynyň ýüzlerçe tarapdary şäheriň esasy gara ýollaryny otlanan tekerler bilen böwetledi. Şol bir wagtyň özünde zenanlar we çagalar meýdançalarda oturyp, protest çärlerine gatnaşdylar.

Karaçi şäherinde protestleriň geçirilýän mahaly hökümet edaralary, mekdepler we banklar açyk bolup, hususy biznes nokatlaryň we dükanlaryň aglabasy ýapyldy.

“Pakistanyň Tehreek-e Insaf” partiýasy ýurtda 2013-nji ýylda geçirilen saýlawlarda boldy diýilýän galplyklaryň derňelmegini talap edýär. Şol saýlawlarda premýer-ministr Nawaz Şarif hökümet başyna gelipdi.

XS
SM
MD
LG