Sepleriň elýeterliligi

Pendi: Okuwçylar ulagsyz galdy


Hususyýetçiler gadagan edilensoň, çagalaryny çagalar bagyna tabşyrmak ene-atalaryň öz gerdenine düşdi.

Hususyýetçiler gadagan edilensoň, çagalaryny çagalar bagyna tabşyrmak ene-atalaryň öz gerdenine düşdi.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi daýhan birleşiginde ýetmezçilik edýän zat gaty kän, çagalar bagy - olardan diňe biri. Ýöne çagalar bagy bilen bagly ýagdaý soňky döwürlerde has ula ýazdy.

Ilat sany 10-11,000 diýlip çaklanylýan bu oba etrap merkezinden takmynan 6–7 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ýerli ýolbaşçylar şol çagalary gatnadýan hususyýetçileri gadagan edensoň, çagalaryny çagalar bagyna tabşyrmak ene-atalaryň öz gerdenine düşdi.

Gadagançylyk soňky bir aýlykda girizildi. Bu ýagdaýa alada bildirýänlerden birem 35 ýaşlaryndaky pendili daýhan Merdan.

“Men indi bir aýdan bäri öz oglumy özüm çagalar bagyna tabşyrýaryn. Şol sebäpden işe gijä galýan. Öň sagat 7-lere öýden çykýadym, indi bolsa bir sagat ir turmaly bolýan” diýip, özüni Merdan diýip tanadan tagtabazarly ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Jemgyýetçilik ulaglarynyň ýetmezçiligi we ulaga bolan talabyň artmagy bilen hususyýetçiler çagalary gatnatmak işine girişipdirler. Aglaba ýaşaýjysy daýhanlar bolan bu obada, nagt pul gytçylygyna garamazdan, adamlar çagalaryny mekdebe gatnatmak üçin her çaga üçin aýda 40 manat bermäge-de razy bolupdyrlar.

Täze düzgün

Emma bir aý töweregi ozal, çagalar bagynyň administrasiýasy tarapyndan girizilen täze düzgüne görä, çagalary hususy taksileriň gatnatmagy gadagan edilip, bu wezipe ene atalaryň öz gerdenine düşüpdir.

Gadagançylykdan soň, taksiçiler çagalary gatnatmakdan ýüz öwrüp başlapdyrlar. Özüni Ýazmyrat diýip tanadan taksiçi onuň sebäbi barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürüň berdi: “Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy ýeňil maşynly çaga gatnadýan sürüjilere ýokary jerimeleri salyp başlady. Olar ýoluň gyrasynda, garaşmaýan ýeriňde bukup durýarlar, şeýle maşyny görenlerinde, sürüjä 100-200 manada çenli jerime salýarlar”.

Polisiýa işgärleriniň bu meselede öz sebäpleri bar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň adynyň agzalmazlygyny soran bir işgäri bu ýagdaýy şeýle düşündirdi: “Çagalary gatnatmaklygyň öz tertibi bar, bu tertipler ýol hereketiniň kadalarynyň adam gatnatmak bölüminde düzgünleşdirilen. Iň bärkisi ýanlarynda uly adam bolmaly we ýörite çagalar üçin howpsuzlyk kemerleri dakylmaly. Ýollaram erbet, bir zat bolsa, bir giden çaga heläk bolar”.

Polisiýanyň talaby we taksiçileriň bu düzgüne boýun bolmagy, ikisem, göräýmäge, kanuny pozisiýalar. Emma bu kanuny çäreler işe girizilende, pendilileriň ýagdaýyna üns berilmedik bolmaga çemeli.

Maşgala girdejisi boýunça ekerançylyga bil baglaýan pendililer, aýal-erkek bary mellek ýerlerine gidenlerinde, olaryň öz çagalaryny goýmaga hiç kimi ýok, çagalaryny mellege äkitmek bolsa olaryň saglygy üçin zyýanly.

“Bu ýagdaý biziň iki aýagymyzy bir gonja sokýar, obada çagalar bagy gurulmasa, ýa jemgyýetçilik ulaglary ýola goýulmasa, başga çykalgamyz ýok” diýip, pendili daýhanlardan ýene biri Azatlyk Radiosyna gürüň berýär.

XS
SM
MD
LG