Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: “Hakyky” ýaraşyk başlandy


Ukrainanyň prezidenti Petro Proroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Proroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Proroşenko gündogar Ukrainada häzir “hakyky” diýip häsiýetlendiren ýaraşyk ylalaşygynyň hereket edýändigini aýtdy. Russiýanyň daşary işler ministri hem konflikte nokat goýmak üçin durnuksyz bir mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Awstraliýa edýän saparynyň çäginde Poroşenko soňky ýedi aýyň içinde ýaraşyk günlerinde ilkinji gezek hiç bir ukrain harbysynyň wepat bolmandygyny aýtdy.

Ol: “Siz munuň meniň üçin nädereje möhümdigini hem göz öňüne getirýän dälsiňiz. Ilkinji gezek ukrain harbysynyň öldi ýa-da ýaralandy habary gowuşmady” diýdi.

Gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistler bilen hökümetiň arasyndaky ok atyşyklary bes etmek baradaky täze ylalaşyk 9-njy dekabrda güýje girdi.

11-nji dekabrda ukrain harbylary soňky 24 sagadyň içinde öz hatarlaryndan üç esgeriň öldürilendigini, ýedisiniň hem ýaralanandyygyny mälim etdiler.

Şol bir wagtda Poroşenko soňky gije-gündiziň hiç hili ýitgisiz geçendigini aýtdy. Ol “eger-de ýaraşyk ylalaşygy berjaý edilse, bu Ukrainada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin uly mümkinçilik bolar” diýdi.

Gündogar Ukrainada aprel aýynyň ortalaryndan bäri dowam edip gelýän konfliktde häzire çenli 4,300-den hem aşa adam öldi. Minskde jeňçileriň we hökümet resmileriniň arasynda geçen gepleşiklerden bäri bolsa müňe golaý adam öldi.

Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Ukrainada parahatçylygy ornaşdyrmak üçin mümkinçilik döredi” diýdi. Şeýle-de Lawrow gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmäge çagyrdy.

Lawrow: “Bu juda kyn boldy, emma ýaraşyk ýola goýuldy. Ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşyldy” diýdi.

Ukrainadaky krizis 2013-nji ýylyň noýabrynda, haçan-da hökümet Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary aňladýan şertnamadan ýüz öwrüp, Moskwa bilen ysnyşykly gatnaşyklary saýlandan soň başlanypdy. Munuň netijesinde protestler döräp, Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirildi.

ABŞ, ÝB we Günbataryň beýleki ýurtlary Moskwanyň Krymy bikanun basyp almagy, şeýle-de Donetskdäki we Luganskdaky separatistleri goldamagy netijesinde Russiýa garşy sanksiýalary girizdiler.

Moskwa Ukrainada öz esgerleriniň we ýaraglarynyň ýokdugyny aýdýar. Şol bir wagtda-da Kiýew we NATO muňa garşy delilleriň bardygyny nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG