Sepleriň elýeterliligi

15 serb uruş jenaýatynda aýyplandy


Bosniýada prokurorlar Bosniýa urşy döwri parahat ilatyň arasyndan 150 musulmany öldürmekde 15 etniki serbe aýyplama bildirdi.

12-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda prokurorlar “Bu Priýedor regionynda uruş jenaýatlary bilen bagly gozgalan iň uly işleriň biri” diýip, bellediler.

Prokurorlaryň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän serbler Zekowi oblastynda bosniýaly musulmanlaryň ilatyna dowamly hüjümleri amala aşyrypdyrlar. Olara “adam öldürmek, gynamak, zorlamak we şahsy emlägi zaýalamak” ýaly aýyplamalar ýöňkeldi.

Aýyplanýanlaryň ählisi geçen birnäçe hepdäniň içinde tussag edildiler.

XS
SM
MD
LG