Sepleriň elýeterliligi

Moskwa “jogap berjekdigini” aýdýar


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow çykyş edip, eger-de Ukrainadaky krizis bilen bagly ABŞ Russiýa garşy ýene-de goşmaça sanksiýalary girizse, Kremliň muňa jogap çärelerini görjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Senaty we Wekiller öýi Azat Ukraina aktyny kabul etdiler. Resminama Moskwa garşy täze sanksiýalary we Kiýewiň Kreml tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy göreşinde harby hemaýaty göz öňünde tutýar.

Bu resminamanyň güýje girmegi üçin oňa prezident Barak Obamanyň gol goýmagy zerur.

“Interfax” habar gullugyna beren maglumatyna Rýabkow “Elbetde, biz muny jogapsyz goýmarys” diýdi.

Resminama laýyklykda, ABŞ Ukraina umumy bahasy 350 million dollarlyk harby hemaýaty, şol sanda tanklara garşy ýaraglary, gözegçilik we kommunikasiýa ulgamlaryny berer.

Ukrainanyň kanunçykaryjylary muny “taryhy karar” atlandyryp, goldadylar.

XS
SM
MD
LG