Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümiň öňi alyndy


Pakistanyň esgeri

Pakistanyň esgeri

Pakistanyň polisiýasy Punjab welaýatynda “Talyban” söweşijisidigi öýdülýän azyndan dört adamy öldürip, terror hüjüminiň öňüni alandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli polisiýanyň ýokary derejeli wekili Rai Zamir-ul-Hak gürrüňi gidýän dört adamyň Muzaffargah şäheriniň golaýynda ulagda aýlanyp ýören pursady atylyp öldürilendigini mälim etdi.

Polisiýa ulagy barlanda onlarça el granadyny we janyndan geçenleriň bilbaglaryny tapdylar.

Resmiler sebitde şaýylaryň geçirýän ýörişine hüjüm ediljek bolnandygyny çaklaýarlar.

XS
SM
MD
LG