Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý "Nankingi" ýatlaýar


 Nanking gyrgynçylygy
Nanking gyrgynçylygy

Hytaýyň prezidenti Si Jinping we ýurduň beýleki liderleri Nanking gyrgynçylygynyň 77-nji ýyl dönümini ýatlap geçirilen hatyra çäresine gatnaşdylar. 1937-nji ýylyň dekabrynda basybalyjy ýapon güýçleri sebitde adam öldürmelerini amala aşyrypdylar.

Prezident Si gyrgynçylygy ret edýän Ýaponiýanyň aşa-milletçilerini tankytlady. Ol: “Taryh hiç kime Nanking gyrgynçylygyny inkär etmäge mümkinçilik bermez” diýdi.

Nanking gyrgynçylygynda 40,000-300,000 müňe çenli adamyň öldürilendigi çaklanylýar. Alty hepdeläp dowam eden haosda 20 müň töweregi zenan maşgalanyň hem zorlandygy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG