Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýada 11 adam öldi


Indoneziýada ýeriň süýşmegi netijesinde azyndan 11 adam öldi, ýüzlerçesi hem dereksiz ýitdi.

Paýtagt Jakartadan 450 km uzaklykdaky Jemblung obasyndan ýüzlerçe adam ewakuasiýa edildi. Mediada regionyň daglaryndan gaýdýan palçyklaryň şekilleri görkezildi.

Halas edijiler dereksiz ýitenleri – ýagyşyň aşagynda – elleri bilen gözleýärler.

Musson möwsümleri Indoneziýada ýeriň süýşmegi ýaly wakalar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

XS
SM
MD
LG