Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: 12 işçi atylyp öldürildi


13-nji dekabrda bolan hüjümiň netijesinde başga-da 12 işçi ýaralandy.
13-nji dekabrda bolan hüjümiň netijesinde başga-da 12 işçi ýaralandy.

Owgan polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, “Talyban” söweşijileri ýurduň Helmand welaýatynda minalary aýyrmak işleri bilen meşgullanýan 12 işçini atyp öldüripdirler.

Welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygy Farid Ahmad Obaid hüjümiň Britaniýanyň ozalky harby bazasynyň golaýynda amala aşyrylandygyny mälim etdi.

13-nji dekabrda bolan hüjümiň netijesinde başga-da 12 işçi ýaralandy.

Obaid owgan esgerleriniň söweşijiler bilen atyşyp başlandygyny, netijede dört jeňçiniň öldürilendigini we üçüsiniň hem ele salnandygyny mälim etdi.

Owganystan dünýä boýunça iň köp mina ýerleşdirilen ýurtlaryň biridir. Söweşijiler köplenç minalary aýyrmak işlerine gatnaşýan işgärlere hüjüm edýärler. Aprel aýynda Logar welaýatynda bu işler bilen meşgullanýan 12 işçi öldürilipdi.

Bu aralykda...

Bu hüjümden öň aýry-aýrylykda amala aşyrylan hüjümlerde ýurduň Ýokary sudunyň ýokary derejeli resmisi we NATO-nyň iki esgeri öldürildi. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Kabulyň polisiýasy Ýokary suduň sekretariatynyň başlygy Atikullah Rawufiniň öz öýüniň golaýynda öldürilendigini mälim etdi.

Parwan welaýatyndaky Bagram howa bazasyna amala aşyrylan hüjümde daşary ýurtly iki esger öldürildi.

NATO şertnamalaýyn iki agzasynyň “Owganystanyň gündogarynda duşmanyň amala aşyran hüjümi netijesinde öldürilendigini” aýdyp, beýanat ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG