Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň täze goňşusy - "Talyban"


"Talyban" söweşijisi

"Talyban" söweşijisi

“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Hamýap etrabyny öz gözegçiligine geçirip, häzir Türkmenistanyň gabat-garşysyndaky goňşusy bolup otyr.

Türkmenistan Hamýap welaýatynyň günbatar, demirgazyk-günbatar we demirgazyk-gündogar çäkleri bilen serhetleşýär. Türkmenistan öz serhedini berkitmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde oktýabr aýyndan bäri Hamýap bilen serhetleşýän sebitlerinde diwarlary galdyrýar, garymlary gazýar we täze serhet postlaryny ornaşdyrýar.

Azatlyk Radiosy düzümine Hamýap etrabynyň hem girýän Jöwüzjan welaýatynyň polisiýa başlygy Muhammad Jöwzjani bilen gepleşdi.

Ol: “Biziň esgerlerimiz “Talybany” çykarmak üçin Hamýaba gitdi. Söweşijiler bilen urşuň netijesinde biziň güýçlerimiz yza çekilmäge mejbur galdy. Biziň esgerlerimiz welaýatyň merkezi şäheri Şeberghana dolanyp barýan mahaly “Talyban” olaryň öňünden çykdy. Biziň güýçlerimize ýene hüjüm edildi” diýdi.

Jöwzjani wakada etrabyň Terrorizme garşy göreş edarasynyň başlygynyň we başga-da iki esgeriň ölendigini hem mälim etdi.

Ýerli “Arbaky” howpsuzlyk güýçleriniň kommandiri Gaffar hem etrapdan çekilmeli bolandyklaryny aýtdy.

“Howpsuzlyk güýçleri Hamýaba geldi. Biz olara goşulyp [“Talybana” garşy] söweşdik. Bize garşylyk görkezildi. Howpsuzlyk güýçleri çekilip, bize hem sebiti terk etmegi maslahat berdiler. Şu wagt men Şeberhanda”.

Gaffar Azatlyk Radiosyna öz goşunyny hem sebitden çekip, etraby “Talybana” goýup gaýdandygyny aýtdy.

Başga bir “Arbaky” kommandiri, Gurbandurdy, hem Hamýabyň söweşijileriň eline geçendigini tassyklady.

Hamýabyň golaýyndaky Garkyn etrabynda ýerleşýän Gurbandurdy: “Hamýapda ýagdaýlar göz-görtele ýaramazlaşdy. “Talyban” güýçlendi. Olar öz düzgünlerini ornaşdyryp başladylar” diýdi.

Bu düzgünler hem gaty tanyş bolsa gerek.

Sebitde lukman bolup işleýän – adynyň agzalmagyny islemedik – bir zenan “Talybanyň” gelmegi bilen özüne haýbat atyjy jaňlaryň gelip başlandygyny aýtdy.

Ol “Biz ‘Talyban’. Biz keselhanada aýallaryň işlemegini islemeýäris” diýip, "haýbat atdylar" diýdi.

Lukman zenan soňy bilen Mazer-e Şarife gitmeli bolandygyny aýtdy.

Sebitdäki aýal mugallymlar hem özlerine jaň edilip, mekdebe çykmazlyk barada duýduryşyň edilendigini aýtdylar.

Hamýap welaýaty Türkmenistana gaty golaý ýerleşip, türkmen serhetçileri özlerine azyk satyn almak üçin serhediň bu tarapyna hem geçýärler.

Hamýap Türkmenistanyň serhedine howp salýan ýeke-täk bir sebit däl.

Jöwzjanyň günbataryndaky Farýab welaýatynyň Kaýsar etrabynda ýowuzlyklar häzir hem dowam edýär. Ýerli “Arbaky” ýolbaşçysy “Boby kommandir” sebitiň Şor obasynyň noýabrda “Talybanyň” eline geçendigini aýtdy.

Türkmen hökümeti özüniň günorta sebitlerindäki möwjäp barýan howpsuzlyk ýagdaýlarynyň öňüni almak ugrunda juda az, ýa-da asla hiç zat etmeýär. Ýatlap geçsek, şu ýyl gürrüňi gidýän serhetde üç sany türkmen serhetçisi hem öldürilipdi.

Netijede, 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Talyban” ýene – iň azyndan Hamýapda - Türkmenistanyň goňşusy boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG