Sepleriň elýeterliligi

Ghani hüjümleri ýazgardy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurtly güýçler öz goşunlaryny çykarýarka, söweşijileriň amala aşyrýan hüjümlerini ýazgardy.

Ghani 14-nji dekabrda telewideniýede görkezilen çykyşynda “biz hiç wagtda ýan bermeris” diýip dini, syýasy we tire-taýpalar liderlerini zorlugy ýazgarmaga çagyrdy.

Ghani öz çykyşynda hüjümleri “yslama garşy” we “ynsana garşy” diýip atlandyrdy.

“Talybanyň” söweşijileri 13-nji dekabrda tutuş ýurt boýunça ençeme güýçli hüjümleri amala aşyryp, azyndan 19 adamy, şol sanda Baş suduň resmisini öldürdiler.

Halkara goşunlarynyň Owganystandan doly çykarylmagyna iki hepdä golaý wagt galdy. 31-nji dekabrdan soň Owganystanda esasan ABŞ-nyň 12 500 harbysy galar, olar esasa ýurduň harbylaryny we polisiýasyny türgenleşdirerler.

XS
SM
MD
LG