Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa: Orsýetiň harby uçary howp döretdi


Orsýetiň Su-34 kysymly söweş uçary Norwegiýanyň howa güýçleriniň uçary bilen bilelikde

Orsýetiň Su-34 kysymly söweş uçary Norwegiýanyň howa güýçleriniň uçary bilen bilelikde

Orsýetiň harby uçarynyň ýolagçy uçaryň golaýyndan geçmegi bilen bagly ýene bir waka boldy.

13-nji dekabrda Şwesiýanyň goranmak resmileri ýurduň gündogarynda Orsýetiň harby uçarynyň 12-nji dekabrda Kopengagenden uçan ýolagçy uçar bilen tas çaknyşandygyny habar berdiler.

Swesiýanyň howa güýçleriniň ýolbaşçysy general-maýor Mikael Byden Orsýetiň harby uçarynyň uçary radar bilen anyklamaga mümkinçilik berýän transponder ýörite guralyny işletmändigini aýtdy.

Swesiýanyň goranmak ministri Peter Hultkwist bu wakany “çynlakaý” we “ýol berilmesiz” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi öz harby uçarynyň 12-nji dekabrda Swesiýanyň howa giňişligine girendigini ret etdi.

Mart aýynda Orsýetiň harby uçary transponder guralyny işletmezden amala aşyran uçuşynyň netijesinde Kopengagenden uçan ýolagçy uçaryň 100 metr gapdalyndan geçipdi.

XS
SM
MD
LG