Sepleriň elýeterliligi

Groznyý: Adam hukuklaryny goraýjy edara ýandy


Orsýetiň Gynamalaryň öňüni almak boýunça komitetiniň başlygy Igor Kalýapin.

Orsýetiň Gynamalaryň öňüni almak boýunça komitetiniň başlygy Igor Kalýapin.

Çeçenistanda adam hukuklaryny goraýjy abraýly guramanyň edarasynda ýangyn boldy. Munuň öňüsyrasynda guramanyň käbir aktiwistleri Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň köpçülikleýin jezalandyryş barada görkezmelerini ýazgaryp çykyş edipdi.

Birleşen mobil toparynyň ýolbaşçysy Igor Kalýapiniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazmagyna görä, guramanyň edara jaýynda 13-nji dekabrda agşam ýangyn bolupdyr. Hüjümde hiç kime zeper ýetmändigi habar berildi.

Kalýapin 9-njy dekabrda çykyş edip, Razmzan Kadyrowy tankyt etdi we Groznyda bolan heläkçilikli hüjümi amala aşyran adamlaryň maşgalalarynyň Çeçenistandan çykarylyp kowulmagyny we olaryň jaýlarynyň oda berilmegini ýazgardy.

XS
SM
MD
LG