Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýa: Ýitirim bolanlar gözlenýär


Indoneziýada ýeriň süýşmegi zerarly ýumrulan obada dereksiz ýiten 80-den gowrak adamy gözlemek işlerine 2 000 çemesi halas ediji çekildi. Halas edijiler ýollary arassalamak üçin ilkinji gezek agyr gurallary ulanýarlar.

Merkezi Ýawa adasynda Jemblung in Banjarnegara ýerlerinde ýüzlerçe adam ewakuasiýa edildi. Media serişdeleri bu ýerde palçykly ýagyş suwunyň daglyk we tokaýlyk ýerlere ýaýraýandygyny habar berýärler.

Ýeriň süýşmesi 12-nji dekabrda agşam başlandy. Şeýle tebigy betbagtçylyklar Indoneziýada oktýabr we aprel aýlarynyň arasynda ýagyş möwsüminde ýüze çykýar.

XS
SM
MD
LG